Köneürgenjiň orta asyr kerwensaraýlary

11 Iýul 2022
1825

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Gürgenç şäheri Aziýanyň, Gündogar Ýewropanyň we beýleki sebitleriň söwda hyzmatdaşlygynyň ösmeginde möhüm merkez bolup hyzmat edipdir. Bu bolsa Gürgenjiň bazarlarynyň Ýewraziýa ýurtlarynda öndürilen önümlerden doly bolmagyna getiripdir. Taryhyň dürli döwürlerinde görlüp-eşidilmedik gülläp ösüşleri başdan geçiren bu şäher ösen medeni merkez hökmünde tanalypdyr.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle belleýär: «Bu beýik şäheriň başyndan geçiren ähli betbagtlyklaryndan hem-de weýrançylyklaryndan soň diňe hökümdarlaryň hem-de keramatly kişileriň baky ýatan ýerleriniň birnäçesi, ägirt uly desganyň girelge tarapy, Orta Aziýada iň beýik minara saklanyp galypdyr. Bu şäher taryhda «Müň derwezeli şäher» diýip ýatlanylýar».

Meretgül GURJIÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar