Nusaý gymmatlyklary

20 Iýul 2022
1757

Türkmenistan dünýä medeniýetiniň taryhynda uly meşhurlyga eýedir. Parfiýa ir zamanlardan başlap medeniýetiň gülläp ösen mekany bolupdyr. Munuň şeýledigine dürli döwürlerde geçirilen gazuw-agtaryş, arheologik barlaglaryň maglumatlary hem şaýatlyk edýär. Parfiýa biziň eýýamymyzdan öňki II — I asyrlarda Gündogaryň medeni taýdan ösen döwletleriniň biridir. Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaý öz döwrüniň medeniýet ojagyna öwrülipdir. Onda onlarça döwlet edaralary, dini ymaratlar, harby-hojalyk binalary, patyşa köşgi, ýaşaýyş jaýlary bolupdyr.

Nusaýdan tapylan şirmaýydan haşamlanyp ýasalan ritonlar, heýkeller, parfiýa şalarynyň şekilleri, şa aýal Rodogunanyň daşa siňen merdemsi keşbi, zikgelenen altyn teňňeler, nakgaşlyk öz döwründe Parfiýa medeniýetiniň örän ösendiginden habar berýär. Ritonlaryň käbirleri köşkde geçirilýän meýlisler üçin has uly, 2, 2,5 litr ölçeginde hem ýasalypdyr. Häzire çenli dünýäniň dürli künjeginden tapylan ritonlaryň arasynda görnüşiniň kämilligi we sünnälenen çeper bezegi boýunça Nusaý ritonlarynyň deňi-taýy ýokdur. Bu bolsa olary dünýä sungatynyň iňňän ajaýyp nusgalarynyň hataryna goşýar.

Muhammetgeldi BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň kiçi ylmy işgäri.
Beýleki habarlar