Paýtagtyň sport durmuşyndan
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Aşgabat şäher bölümi, Türkmenistanyň Mekdep sport federasiýasynyň jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde Gökdere jülgesinde ýerleşýän Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde bäsleşik geçirdi. «Sagdyn nesil — kuwwatly Watan» diýen şygar bilen guralan bäsleşikde çagalar küşt, şaşka, düzzüm, stol tennisi we ýeňil atletika boýunça bäsleşdiler. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny gyzykly geçirmegi, ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda ähli şertler döredilýär. Dynç alyş merkezinde guralan dabara hem aýdylanlaryň aýdyň güwäsi boldy. Bäsleşikler çekeleşikli häsiýete eýe bolup, çagalar wagtlaryny gyzykly we ruhubelentlikde geçirdiler. Ýaş nesilleriň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli, sagdyn, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ynsanlar bolup ýetişmegi babatda giň mümkinçilikleri döredýän, bu ugurda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!