Aň-paýhas oýnunyň taryhyndan

2 Awgust 2024
723

Geçen asyryň üçünji onýyllygy Türkmenistanda küşt oýnuna aýratyn üns berlip ugralan döwrüdir. 1927-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabatda ýurdumyzyň küşt seksiýasynyň ilkinji maslahaty geçirilip, onda küşt çärelerini guramagyň meýilnamasy işlenip düzülýär we birinji bütintürkmen küşt ýaryşyny geçirmek kararyna gelinýär. Ýaryşyň guramaçylyk topary döredilýär.

Şeýlelikde, şol ýylyň aprelinde birinji bütintürkmen küşt ýaryşy guralýar. Şol wagtky Magaryf işgärleriniň klubunda geçirilen ýaryşa paýtagtymyzdan we onuň töweregindäki obalardan köp sanly küştçüler gatnaşýarlar. Täçmämmet Amanow, Babaly, Eýeberdi ýaly şol döwrüň tanymal küştçüleriniň oýunlary üns merkezinde bolýar. Ýaryşda birinji orny, garaşylyşy ýaly, aşgabatly W. Şerbakow eýeleýär. Türkmen küştçüleriniň öz mümkinçiliklerinden pes çykyş etmeklerini ýaryşyň garaşylmadyk aýratynlygy hökmünde agzamak bolar.

Sadap MUHAMOWA,
«Türkmen sporty».
Beýleki habarlar