Formula 1 boýunça möwsümiň 14-nji ýaryşy Belgiýanyň Stawole şäherindäki «Spa-Frankorçamps» trassasynda geçirildi. 7,004 kilometrlik trassada 44 aýlawy ilkinji bolup, «Mercedes» toparynyň britan sürüjisi Jorj Rassell tamamlady. Ýöne baýrak gowşurylyş dabarasyndan soň onuň ulagynyň agramy düzgüne gabat gelmeýändigi üçin Rasselliň ýeňşi hasaba alynmady. Netijede, «Mercedes» toparynyň beýleki sürüjisi, ýaryşy 2-nji orunda tamamlan Lýuwis Hamilton ýeňiji diýlip yglan edildi. Onuň görkezen netijesi 1 sagat 19 minut 57,566 sekunda deň boldy. Bu onuň şu möwsümdäki 2-nji, karýerasyndaky 105-nji ýeňşi hökmünde hasaba alyndy.
«McLaren» toparynyň awstraliýaly sürüjisi Oskar Piastri ýeňijiden 0,647 sekunt yza galyp, 2-nji ýere mynasyp boldy. Ýaryşa ilkinji hatardan başlan «Ferrari» toparynyň monakoly piloty Şarl Lekler 3-nji orny eýeledi. Soňky 3 ýylyň çempiony, «Red Bull» toparynyň niderland piloty Maks Werstappen bu ýaryşda-da ýeňiş gazanyp bilmedi. 4-nji ýeri eýelän Werstappene 4 ýaryşdan bäri ýeňiş gazanmak başardanok. Ol çempionlyk gazanan 3 möwsüminde yzly-yzyna 4 ýaryşy ýeňişsiz tamamlamandy.