Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ýaş tennisçileriň üstünligi

AK BUGDAÝ. Etrapdaky takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň sport zalynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirildi. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde kabul eden meýilnamasynyň çäginde guralan ýaryşa etrapdaky orta mekdepleriň ýokary synp okuwçy oglan-gyzlaryndan düzülen toparlar gatnaşdy. Ýaşlarda sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşine bolan isleg örän ýokarydyr. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanyp, barha taplanýan ýaşlaryň arasynda mekdep okuwçylarynyň hem sany az däldir. Bu hakykaty okuwçy ýaşlaryň arasyndaky nobatdaky ýaryş aýdyňlygy bilen görkezdi.

Sagdyn bedende — sagdyn ruh

Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan işleriň netijesinde sporty söýýän, bedenterbiýäni özüniň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwren ýaşlaryň kemala gelmegi her birimizi guwandyrýan ýagdaýdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sport bilen meşgullanmak üçin uly mümkinçilikler bar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap bedenterbiýe we sagaldyş toplumlarynda, beýleki sport desgalarynda her bir adamyň özüni beden taýdan taplamagy üçin ähli şertler üpjün edilen. Aýratynam, sport mekdepleri ösüp gelýän ýaş nesillerimizi beden we ruhy taýdan terbiýelemekde, olaryň kalbynda maksada okgunlylygy, ýeňşe ynamy kemala getirmekde uly hyzmaty bitirýär. Bu bolsa sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyryp, sport äleminde gazanyljak geljekki üstünlikleriň mäkäm binýadyny üpjün edýär.

Sport syýasatynyň gadamlary

Ruhubelentligiň ýörelgesi Ajap eýýamymyzda ýurt Baştutanymyzyň yglan eden sport syýasatynyň gadamynyň batlanýandygy guwandyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çar künjeginde Arkadag Prezidentimiziň gurduryp, ulanmaga berlen döwrebap stadionlary, sport mekdepleridir desgalary hereket edýär. Olarda sportuň dürli görnüşleri bilen höwesli meşgullanýan ýaşlary synlanyňda Diýarymyzda sportuň köpçülikleýin häsiýete eýe bolýandygyna buýsanýarsyň. Sebäbi bu ýörelge il-günümiziň sagdynlygynyň, ruhubelentliginiň ýörelgesidir.

Ösen sportuň merkezi

Bu gün mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uludan baýram edýär. Hormatly Prezidentimiziň çuň parasatynyň ajaýyp miwesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň özboluşly nyşanyna öwrülen, gözelligi bilen görenleri haýrana goýýan Aşgabat beýik ösüşler bilen dabaralanýar. Aşgabat häzirki wagtda işjeň syýasy, işewür, medeni we jemgyýetçilik durmuşynyň ösen, dünýä sportunyň iri merkezine öwrüldi. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem milli Liderimiziň başyny başlan täzeçil şähergurluşyk strategiýasy netijesinde, ýokary halkara ölçeglerine laýyk derejede enjamlaşdyrylan sport we atçylyk sport toplumlary, döwrebap awtodromlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri guruldy.

Täze ýeňişlere badalga

Täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde güneşli Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde halkara ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman sport toplumlarynyň, sport mekdepleriniň gurlup, ulanmaga berilmegi hem ýokardaky aýdanlarymyza aýdyň şaýatlyk edýär. Döredilýän şeýle giň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan ýaşlarymyz özleriniň saýlap alan sport görnüşi bilen meşgullanyp, dünýä we halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýynyň artmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle türgenleriň biri hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Selim Myratdurdyýewdir. Paýtagtymyz gözel Aşgabadyň goýnunda önüp ösen Selim 2013-nji ýylda 13 ýaşynda sportuň adaty karate görnüşi bilen meşgullanyp başlady. Geçilen hysyrdyly türgenleşikler ýuwaş-ýuwaşdan öz miwesini berip başlady. Ilki paýtagtymyz Aşgabadyň birinjiliginde, soňra ýurdumyzyň çempionatynda öz deň-duşlaryndan tapawutlanmagy başaran Selim halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga hem hukuk gazandy. 2014-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen halkara ýaryşynda Selim Myratdurdyýew 14 — 15 ýaşly türgenleriň arasynda adaty karateniň şahsy tutluşyk görnüşinden çykyş edip tejribesini artdyrdy. Şol ýylyň oktýabr aýynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde adaty karate boýunça geçirilen 17-nji Dü

Golf ezberligi we erkliligi talap edýär

Diýarymyzda bilime, sporta ýurduň ösüşiniň röwşen geljeginiň, jemgyýetiň ykdysady, medeni hem-de ruhy taýdan sazlaşykly ösmeginiň esasy ugurlaryny kesgitleýän ulgamlar hökmünde aýratyn ähmiýet berilmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesidir. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly baştutanlygynda bilim hem-de sport ulgamlarynyň dünýä derejesi bilen sazlaşýan we ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna daýanýan aýdyň ýörelgesi kemala geldi. Ata-babalarymyz şahsyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen çagalar üçin köp sanly oýunlary oýlap tapypdyrlar. Dürli ýerlerde ugur tapmak, çakgan bolmak, güýjüňi we çalasynlygyňy artdyrmak ýaly adaty endiklerden başga-da, oýunlar çagalarda zehini hem-de ruhy-ahlak häsiýetleri, erk-islegi, maksada ýetmekde tutanýerliligi, üşükliligi döretmäge, toparyň düzüminde umumy dil tapmak hem-de sazlaşykly hereket etmek başarnygyny kemala getirmäge gönükdirilendir. Halk oýunlary milletimiziň döreýşiniň şaýady bolup, onuň taryhy bäş müň ýyla barabar döwri öz içine alýar. Milli oýunlarymyzyň köpüsiniň sportuň häzirki görnüşleri bilen örän meňzeşdigini bellemek gerek. Mysal üçin, «çilik-hekgal» oýny häzir tutuş dünýäde meşhur bolan golf oýnuny, «çilik» — otuň üstündäki hokkeýi we beýleki oýunlary ýadyňa salýar. Gadymy döwürde olar çagalara taýaga erk etmegi öwredipdir, çünki taýak başarnykly ellerde gorag guralyna öwrülipdir. Tü

Ýüwrügi menzil saýlar

Düýn Aşgabat atçylyk-sport toplumynda paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk at çapyşygy geçirildi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary, el işleriniňdir nakgaşlyk eserleriniň sergisi bu ýere ýygnananlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Milli sportumyzyň ösüşi

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň sport we bedenterbiýe ulgamynda uly ösüşleriň gazanylmagy ildeşlerimiziň her birini buýsandyrýar. Bu ugurda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň geçen 30 ýyllyk döwründe gazananlary barada oýlananyňda, Gahryman Arkadagymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrýan beýik işleri göz öňünde janlanýar. Täze taryhy döwrümizde bilim ojaklarynda bedenterbiýe okuw sapaklarynyň girizilmegi aýratyn uly ähmiýete eýedir. Orta mekdeplerde geçilýän bedenterbiýe sapaklarynda ýaşlar beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagyň fiziki endiklerini ele almak bilen bir hatarda, sportuň we bedenterbiýäniň düýp maksady, onuň ynsan saglygy, sagdyn ösüşi, dostlugy, agzybirligi berkitmekde peýdasy barada ilkinji başlangyç düşünjeleri ele alyp bilýärler. Şeýle-de sportuň, bedenterbiýäniň aýrylmaz bölegi bolan bäsleşik, ýeňşe ymtylmak, ýeňiji bolmak ýaly durmuşda gazanylýan ösüş basgançaklary barada giň gözýetime eýe bolýarlar.

Sport habarlary

Hazar şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher birleşmesiniň edara-kärhanalaryň, daşary ýurt kompaniýalarynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçiren ýaryşy sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşine höwesekleriň barha köpelýändigini görkezdi. «Shlumberger» kompaniýasynyň uly operatory Wýaçeslaw Podolskiniň birinji orny eýelemegi bilen jemlenen ýaryşda ikinji orun Hazar şäher kazyýetiniň kazysy Farhad Ýuldaşewiň, üçünji orun «Dragon Oil» kompaniýasynyň işgäri Rahmet Burhanowyň paýlaryna düşdi.

Onlaýn bäsleşiginiň ýeňijileri

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň guramagynda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli küşt oýny boýunça geçirilen Aşgabadyň açyk çempionaty tamamlandy. Küşt oýnunyň çalasyn (blitz) görnüşi boýunça geçirilen bu açyk onlaýn çempionatyna jemi 140 türgen gatnaşdy. Ýaryşa paýtagtymyzdan we welaýatlardan küştçüler, şol sanda Türkiýe Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Belarus Respublikasy we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly daşary ýurtlardaky ildeşlerimiz hem işjeň gatnaşdylar. Ýaryşa gatnaşan 16 ýaşa çenli we ondan ýokary ýaşdaky türgenler jemi 4 toparda bäsleşdiler. Onlaýn çempionatyň jemlerine görä, erkekleriň arasynda birinji orny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby S.Atabaýew, zenanlaryň arasynda birinji orny hem bu institutyň talyby J.Öwezdurdyýewa eýelediler. 16 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda A.Hommadow, 16 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda bolsa E.Arazmedowa birinji orny eýeledi. Ýaryşda baýrakly orunlary eýelän türgenler Aşgabat şäher häkimliginiň ýadygärlik sowgatlary, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Hormat hatlary bilen sylaglanyldy. Bu ýaryşa gatnaşan iň ýaşuly türgen hökmünde 68 ýaşly M.Ýakubowa, iň ýaş türgen hökmünde bolsa 5 ýaşly S.Agamämmedowa, mümkinçil

At syryny seýis biler

Onuň bilen iş ýerinde, has takygy, Aşgabat atçylyk sport toplumynyň 6-njy athanasynda duşuşmagy gürleşdik. Athana baranymyzda, ol atlaryny gezime çykaran eken. Ussat seýis şägirtleri bilen münüp gelen atlaryny athananyň ýanynda saklady. Olaryň hersi atlarynyň çekilerini ýazdyryp, eýerlerini aýyrdylar. Atlar diýseň düşbi eken. Olar diňe atlarynyň jylawyndan tutdular. Atlaryň özleri çägeli meýdana bardylar. Baryşlaryna-da iki-baka agynap başladylar. Şondan soň geljekki seýisler olary athana alyp gitdiler. Gezimden soň atlara edilýän hyzmat onuň bilen tamamlanmady. Ýaş seýisler gezimden gelen atlary gaýtadan birlaý gözden geçirdiler.

«Ahal» — sebitleýin finalda!

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary AFK-nyň kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň sebitleýin finalyna çykdy. Topar taryhynda ilkinji gezek şeýle üstünlik gazandy. Yklymyň ikinji derejeli klublaýyn ýaryşynyň toparçalary biri-birine ýakyn ýerleşýän döwletleriň wekillerinden düzülýär. Şeýlelikde, Merkezi Aziýa döwletlerinden gatnaşjak toparlar «E» we «F» toparçany düzdi. Bije çekişligiň netijesinde ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahal» Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý» we Täjigistanyň «Rawşan» toparlary bilen bilelikde «E» toparçada çykyş etdi. «F» toparça bolsa ýurdumyzyň çempiony «Altyn asyr», Özbegistanyň «Nasaf», Täjigistanyň «Hujand» we Gyrgyz Respublikasynyň «Alaý» toparlary wekilçilik etdi.

«Ahal» sebitleýin finalda, «Altyn asyr» bir ädim bärde

Bir ýyl arakesmeden soňra ýurdumyzyň futbol toparlarynyň halkara ýaryşda çykyş etmegi her bir janköýer üçin ýakymly. Millionlaryň söýgüli oýnunyň şowly pursatlarynda begenjiňe çaga ýaly bökjeklemek, şowsuzlyklarda bolsa onki süňňüň bilen ahmyr etmek, megerem, başga hiç zat bilen çalşylmaýan duýgular. Türkmen futbolynyň janköýerleri bu duýgulary şu günler hem başdan geçirýärler. Çünki ýurdumyzyň iň güýçli futbol toparlarynyň ikisi ― geçen möwsümiň çempiony «Altyn asyr» we wise-çempiony «Ahal» yklym ýaryşyna ― AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşýarlar. Şolardan «Ahalyň» ýaryşyň sebitleýin finalyna çykyp bilendigini guwanç bilen habar berýäris. MERKEZLEŞDIRILEN DUŞUŞYKLAR

Sporty hemra edinip

Harby bölümimizde çagyryş boýunça gulluk edýän esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklaryny gazanmak ugrunda maksada laýyk işler alnyp barylýar. Tagallalarymyzy esgerleriň hakyky watansöýüji, hormatly Prezidentimize wepaly, üstüne ýüklenilen wezipeleri birkemsiz berjaý etmäge ukyply, syýasy we harby taýdan sowatly bolup ýetişmeklerine gönükdirýäris. Olaryň okuw-türgenleşiklerinden boş wagtlaryny peýdaly sarp etmeklerini gazanýarys. Şonda syýasy we medeni häsiýetli çärelere aýratyn orun berýäris. Esgerler bilen dürli wagyz-nesihat işlerini, edebiýat agşamlaryny, ýaşulular, meşhur adamlar bilen duşuşyklary, sport çärelerini hem geçirýäris. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş, Beýik Watançylyk urşy muzeýlerine, sebitiň çagindäki taryhy ýadygärliklere syýahatlary guraýarys we türkmen halkynyň geçmişi, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoly barada gyzykly gürrüňleri berýäris. Ýakynda hem şeýle çäreleriň biri geçirildi. Oňa «Kemally kesp» hususy kärhanasynyň işgärleri hem gatnaşdylar. Myhmanlar esgerlere baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdylar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, olaryň ähmiýeti, esasy Kanunymyza girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar barada edilen gürrüňlerden soň woleýbol, küşt, şaşka, estafeta we tanap çekmek boýunça ýaryşlara badalga berildi. Hususy kärhananyň hünärmenleri bilen guralan ýoldaşlyk d

Ýaşlar kämillik ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzyň şäherdir etraplarynda hem soňky ýyllarda gurlan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň we sport mekdepleriniň binalary biri-biriniň yzyny hatarlap, artmak bilen. Şol desgalarda türgenleriň, sport söýüjileriň sanyny köpeltmek we olaryň ussatlyklaryny kämilleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Hojambaz etrabynda ýerleşýän 2-nji sport mekdebi hem şolaryň biri. Bu ýer adamlaryň köp gelýän ýerleriniň birine öwrüldi. Mekdepde diňe bir türgenleşige däl, eýsem, geçirilýän dürli ýaryşlardan lezzet almaga gelýänler-de barmak büküp sanardan kän. Bu sport mekdebi 2014-nji ýylda gurlup, ulanylmaga berildi. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler we şertler döredilen bu ýerde ýaş türgenleriň ýüzlerçesi tälim alýar. Welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlarda we bäsleşiklerde etrabyň ýaş sportçularynyň görkezýän ussatlyklary mekdebiň tälimçileriniň çekýän asylly zähmetiniň netijesidir. Bu ýerde dürli sport çäreleriniň yzygiderli guralmagy etrabyň ýaşaýjylarynyň sagdyn-durmuş ýörelgesine eýerýändikleriniň anyk mysalydyr.

Ýaşlaryň sport ussatlygy

GÖKDEPE. Etrapdaky 9-njy orta mekdebiň sport zalynda geçirilen ýaryş örän gyzykly boldy. Onda etrapdaky orta mekdeplerden gelen toparlar öz aralarynda çekeleşikli duşuşyklary alyp bardylar. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikdäki meýilnamasy esasynda geçirilen stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça ýaryş okuwçy ýaşlara sport ussatlygyny görkezmäge giň mümkinçilik açdy. Sport zalynda döredilen ajaýyp şertler okuwçy ýaşlara üstünlik gazanmaga uly ruhubelentlik berdi. Munuň özi ýaryşyň çekeleşikli geçmegine itergi berdi.

Sport habarlary

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynda ýeňil atletikanyň dürli aralyklara ylgamak görnüşi boýunça talyplaryň arasynda ýaryş geçirildi. 100 metr aralyga ylgamakda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyby Daýanç Baýjanow birinji, welaýat ýörite sungat mekdebinden Şähram Gurbanow ikinji, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Dädiş Abdullaýew üçünji orunlara mynasyp boldular.

Şanly senäniň şanyna

Golaýda 140 küştçiniň gatnaşmagynda küşt oýny boýunça geçirilen onlaýn ýaryşlary has-da çekeleşikli boldy Güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler, döredijilik we sport bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Ýakynda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli 140 küştçiniň gatnaşmagynda Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň guramagynda sportuň küşt görnüşi boýunça onlaýn ýaryşlary geçirildi. Bu ýaryşa ýurdumyzyň dürli ýaşdaky küştçüleri gatnaşdylar. Bäsleşikde 16 ýaşa çenli we ondan ýokary ýaşdaky küştçüler özara bäsleşdiler. Şanly senä bagyşlanan ýaryşlara gatnaşýanlaryň arasynda ýaş küştçüleriň has köpdügini aýratyn bellemegimiz gerek. Bu ýaryş küşdüň çalasyn görnüşi (blitz) boýunça geçirildi. Onlaýn arkaly geçirilen bu ýaryş «Lichess.org» internet portalynyň üsti bilen geçirildi. Ýaryş özboluşly gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Oňa Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň jogapkär wekilleri eminlik etdiler. Ýaryş FIDE-niň kadalaryna laýyklykda, şweýsar ulgamy boýunça geçirildi. Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, her oýunça 3 minut, goşmaça 1 sekunt wagt berildi. Ýaryşyň ýeňijilerine Aşgabat şäher häkimliginiň, Aşgabat

Sport täzelikleri

Stoluň üstünde oýnalýan tennis Golaýda welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň guramagynda Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça oglan-gyzlaryň arasynda welaýatyň çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden hem-de Dänew, Farap, Saýat etraplaryndan toparlar gatnaşdylar.

Tagalla edilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sport ulgamy uly depginler bilen ösdürilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport mekdepleri, stadionlar gurlup, ulanylmaga berilýär we olar döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Olara sport mekdeplerinde sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilikler bar. Tagtabazar etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebinde sportuň 7 görnüşi boýunça tälim berilýär. Bu ýere gelýän türgenlere sportuň milli göreş görnüşine ussat tälimçi Silapberdi Öwezow tälim berýär. Tälim alýan türgenler 2001 — 2011-nji ýylda doglan oglanlardan düzülen. Olar 36 türgen bolup, üç topara bölünip, türgenleşik geçýärler. Ýaşajyk türgenleriň arasynda Babamyrat Agasöýünow, Serdar Agaýusubow, Perman Allaberdiýew, Kerwen Agaserdarow tapawutlanýarlar.