Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan işleriň netijesinde sporty söýýän, bedenterbiýäni özüniň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwren ýaşlaryň kemala gelmegi her birimizi guwandyrýan ýagdaýdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sport bilen meşgullanmak üçin uly mümkinçilikler bar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap bedenterbiýe we sagaldyş toplumlarynda, beýleki sport desgalarynda her bir adamyň özüni beden taýdan taplamagy üçin ähli şertler üpjün edilen. Aýratynam, sport mekdepleri ösüp gelýän ýaş nesillerimizi beden we ruhy taýdan terbiýelemekde, olaryň kalbynda maksada okgunlylygy, ýeňşe ynamy kemala getirmekde uly hyzmaty bitirýär. Bu bolsa sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyryp, sport äleminde gazanyljak geljekki üstünlikleriň mäkäm binýadyny üpjün edýär.