Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň sport we bedenterbiýe ulgamynda uly ösüşleriň gazanylmagy ildeşlerimiziň her birini buýsandyrýar. Bu ugurda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň geçen 30 ýyllyk döwründe gazananlary barada oýlananyňda, Gahryman Arkadagymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrýan beýik işleri göz öňünde janlanýar.
Täze taryhy döwrümizde bilim ojaklarynda bedenterbiýe okuw sapaklarynyň girizilmegi aýratyn uly ähmiýete eýedir. Orta mekdeplerde geçilýän bedenterbiýe sapaklarynda ýaşlar beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagyň fiziki endiklerini ele almak bilen bir hatarda, sportuň we bedenterbiýäniň düýp maksady, onuň ynsan saglygy, sagdyn ösüşi, dostlugy, agzybirligi berkitmekde peýdasy barada ilkinji başlangyç düşünjeleri ele alyp bilýärler. Şeýle-de sportuň, bedenterbiýäniň aýrylmaz bölegi bolan bäsleşik, ýeňşe ymtylmak, ýeňiji bolmak ýaly durmuşda gazanylýan ösüş basgançaklary barada giň gözýetime eýe bolýarlar.