"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň maslahaty geçiriler

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň 15 — 19-njy apreli aralygynda Aşgabat şäherinde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, maslahatyň gün tertibine laýyklykda, guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýyl üçin işleriniň netijelerine seretmek, geljek ýyllar üçin iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak, guramany ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny düzmegiň maksadalaýyklygyny öwrenmek, demir ýol ulgamynda işgärleriň hünär taýýarlygy, okuwlary guramak bilen bagly birnäçe ugurdaş meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda gämi gurluşyk pudagynda täze belentlikler

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda Agentligiň wekilleri hem-de Royal IHC Niderlandlar Patyşalygynyň kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Brýusselde geçirilen ýokary derejeli ýygnakda ara alnyp maslahatlaşylan, ýurdumyz üçin ileri tutulýan meseleleriň biri bolan Türkmenistanyň içerki suw ýollarynyň, deňiz we derýa kanallarynyň düýbüni çuňaltmak meselesi barada aýdylyp geçildi. Duşuşykda taraplar deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileriniň we läbik sorujylaryň bilelikdäki gurluşygy bilen baglanyşykly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Agentligiň wekili myhmanlara agentligiň “Derýaýollary” paýdarlar jemgyýetinde döwrebaplaşdyrmaga degişli bolan gämi gurluşyk zawodynyň bardygyny, şeýle hem deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileri we läbik sorujylary gurmagynyň mümkinçiligi barada myhmanlara gürrüň berdi.

Dostlukly gatnaşyklar berkidilýär

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan gatnaşyklar däp bolan dostlukly häsiýete eýe bolup, munuň şeýledigini 9-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwilini kabul etmegi nobatdaky gezek tassyklaýar. Döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda energetika, senagat, saglygy goraýyş we beýleki pudaklarda gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Şunda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem esasy ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz türkmen-gruzin gatnaşyklaryny iki döwletiň anyk mümkinçiliklerine we isleglerine laýyk gelýän, hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ýeterlik kuwwata eýedirler.

Döwletara dialog okgunly ilerledilýär

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýerip, dünýä döwletleri bilen dostlukly hem-de hoşniýetli gatnaşyklary alyp barýar. Bu gatnaşyklar ruhy-medeni kökleriň umumylygyna, dostanalyga esaslanyp we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralyp, barha netijeli häsiýete eýe bolýar. Şoňa görä-de, dostlukly ýurtlar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk dürli ugurlar boýunça işjeňleşdirilýär, döwletara dialog okgunly ilerledilýär. Muňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň telefon arkaly söhbetdeşlikleri aýdyň şaýatlyk edýär. TÜRKMENISTAN — RUSSIÝA: DÄP BOLAN HYZMATDAŞLYK PUGTALANDYRYLÝAR

Türkmenistan «EKSPO 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ilkinji bolup Milli gününi geçirer

Türkmenistan «EKSPO 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ilkinji bolup, has takygy, serginiň açylyşynyň ertesi güni 14-nji aprelde Milli gününi geçirer. Bu barada «Orient» habar berýär. «EKSPO 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň Milli günleriniň tertibi golaýda «EKSPO 2025-iň» guramaçysy bolan Ýaponiýanyň Sergiler assosisiýasy tarapyndan mälim edildi.

Türkmenistan parahatçylyk dörediji strategiýany işjeň durmuşa geçirýär

Aşgabat, 11-nji aprel (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygy ilerletmek: ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek” atly maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan foruma Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar, talyplar gatnaşdylar. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn Bitaraplyk ýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Şunda ylalaşyklylyk, hoşniýetlilik, dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine möhüm ähmiýet berilýär.

BMG Türkmenistanyň Owganystan bilen hyzmatdaşlygyna ýokary baha berýär

Ýakynda Baş konsullygyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň Hyrat şäherindäki wekilhanasynyň täze bellenilen ýolbaşçysy hanym Tomoko Kutoba bilen Türkmenistanyň Owganystanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Batyr Ýolowyň arasynda tanyşlyk duşuşygy geçirildi. Bu barada Baş konsullyk habar berýär. Duşuşygyň başynda T.Kutuba Türkmenistan özüniň oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmeklige gönükdirilen TOPH gaz geçirijisi, TOP elektrik geçirijisi we demir ýol ugry boýunça uly taslamalarynyň ähmiýetini belläp geçdi. Şeýle-de Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça hem-de durnukly ösüş babatynda alyp barýan anyk işlerini aýratyn nygtady.

Türkmen işewürleri Eýranda geçiriljek halkara sergä gatnaşyp bilerler

Türkmen kompaniýalarynyň wekilleri dokma önümleriniň «SITEX2024» 16-njy halkara sergisine gatnaşyp bilerler. Sergi şu ýylyň 4-7-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasynyň Isfahan şäherinde geçer. «SITEX2024» Eýranyň dokma senagatynda geçirilýän sergileriň arasynda ähmiýeti boýunça ikinji orny eýeleýär. Oňa dünýäniň çar künjeginden wekiller gatnaşýar.

Ýakynlar we ýürekdeşler

Gahryman Arkadagymyzyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary hakda Täjigistan tebigaty boýunça ýaz ýakymly ýurt hasaplanýar. Uçarymyz Duşenbe Halkara howa menziline gonmazyndan ozal, daglaryň başyndaky heniz eräp ýetişmedik ak garlar baharda gyşdan galan görnüş bolup göründi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 4-5-nji aprelde amala aşyran resmi sapary doganlyk döwlete kuýaş boldy. Birek-birege ýakyn ýürekdeşlik ilkinji pursatlarda Duşenbe Halkara howa menzilinde hem duýuldy. Şäheriň köçelerindäki täjik halkynyň, ýaşlaryň ellerini ýürekleriniň üstünde goýup ýylgyrmasyndan «Hoş geldiňiz, gadyrly doganlarymyz!» diýýän sözleri okamak bolýardy. Binalaryň öňüni bezäp duran «Навруз муборак» diýen ýazgylar bolsa täze güni gutlaýardy.

Türkmenistan ― Täjigistan: ýürekdeş gatnaşyklaryň ýakymy

Beýik şahsyýetleriň esasy aýratynlygy beýik şahsyýetlere aýratyn gadyr goýup bilýänliginde. Gerek bolsa, goýýan gadyry bilen hemmelere görelde bolýanlygynda. Bu hakykat Gahryman Arkadagymyzyň 4-5-nji aprelde Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde ýene bir ýola serimize doldy. Çünki Milli Liderimiz köpsanly başlangyçlara sebäp bolan saparyna täjik döwletiniň ilkinji emirini — täjik halkynyň gahrymany Ismoil Somonini hatyralamak bilen girişdi. Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň gadymy täjik topragyna gadamy düşen dessine ýurduň paýtagty Duşenbe şäherindäki «Dusti» meýdançasyna baryp, ilkinji täjik döwleti bolan Samanylar döwletiniň 1100 ýyllygynyň hormatyna Milli ylalaşygyň we Täjigistanyň gaýtadan dikeldilmeginiň ýadygärlikler toplumyna hem-de täjik döwletiniň ilkinji emiri Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül dessesini goýmagy taryhyň agramly böleginde ykbaldaş bolan goňşularymyza, olaryň şöhratly geçmişine belent sarpadan nyşan. Şol sarpa Gahryman Arkadagymyz bilen täjik Lideri Emomali Rahmonyň ikiçäk hem-de giňişleýin düzümde geçiren gepleşiklerine hem mahsus boldy. Birek-birege goýulýan belent sarpa gepleşikleriň netijeliligine hem täsirini ýetirýär. Şol gepleşiklerden gelip çykýan netijeleriň käbirine ünsüňizi çekmek isleýäris.

Dosta uzaýan ýol — dowamata uzaýan ýol

Dosta uzaýan ýollar bakylygyň, dowamatyň ýoly. Ata Watanymyzyň parahatçylyk we ynanyşmak taglymatyndan gözbaş alýan hoşniýetli gatnaşyklar milli ýörelgelerimiziň üstünlikli rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 4-5-nji aprelinde Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi sapary dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda möhüm ädim boldy. Duşenbede geçirilen gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň ösdürilmegine itergi berdi. Gahryman Arkadagymyz saparynyň barşynda, ilki bilen, «Dusti» meýdançasynda ýerleşýän täjik döwletiniň ilkinji emiri Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdy. Soňra «Kasri Millat» köşgünde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen geçirilen gepleşikler netijeli häsiýete eýe boldy. Gepleşikleriň netijesi boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Ýeri gelende bellesek, geçirilen gepleşikler ýurtlaryň arasyndaky dialogyň yzygiderli esasda ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Olaryň dowamynda Täjigistana nebit önümlerini, elektrik energiýasyny ibermegiň möçberlerini artdyrmak boýunça degişli işleri geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek bellenildi.

Türkmen-özbek umumy serhedi kesgitlemek boýunça Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistan we Özbegistan iki ýurduň arasyndaky Döwlet serhedini kesgitlemek boýunça Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegi meýilleşdirýär. Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, 1 — 7-nji aprel aralygynda Nukus şäherinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda Döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we ony ýerinde bellemek meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek Hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi. Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şalwa Papuaşwili: Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda uçar gatnawlaryny ýola goýmak ähmiýetlidir

9-njy aprelde Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşan Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili habarçylara beren beýanatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary, hususan-da “Merkez geçelge” taslamasyny ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşandyklaryny belledi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Prezidenti bilen medeni hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşandyklaryny belläp, Şota Rustawelliniň ýadygärligini Aşgabatda dikeltmek çözgüdi üçin Türkmenistanyň Prezidentine öz hoşallygyny bildirendigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 9-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwilini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, häzirki wagtda parlamentara hyzmatdaşlygyň netijeli dialogy ilerletmegiň, ýurtlaryňdyr halklaryň arasynda ynanyşmak, özara düşünişmek ýagdaýyny saklamagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygynyň şu sapary ysnyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we kanun çykaryjy edaralaryň arasynda tejribe alyşmak üçin oňyn mümkinçilik bolar.

Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy bilen halkara awtomobil gatnawlary hakyndaky Ylalaşygy tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak barada» Kanuna gol çekdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berdi. Bu Ylalaşyga 2023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabatda geçirilen hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisinde gol çekildi.

15-nji aprelden Gazagystanyň ýük daşaýjylary Özbegistanyň elektron nusgadaky rugsatnamalaryny alyp bilerler

15-nji aprelden Gazagystan we Özbegistan ýük daşamak üçin rugsatnamalary elektron görnüşde alşyp başlarlar. Gazagystanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy häzirki wagtda ýurtlaryň arasynda degişli Ähtnama gol çekilendigini habar berýär. Şol bir wagtyň özünde hem, rugsatnamalaryň Gazagystan bilen Özbegistanyň serhedinden geçilen wagty gönüden-göni beriljekdigi mälim edildi. «Biz (Gazagystan we Özbegistan) eýýäm hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekdik we üstümizdäki ýylyň 15-nji aprelinden synag şertlerinde özara elektron alyş-çalşygy boýunça elektron rugsatnamalaryny bermek meýilleşdirilýär» — diýip, häzirki wagtda Samarkantda dowam edýän «Sanly ulag geçelgeleri» atly halkara forumda çykyş eden Gazagystanyň Ulag ministrliginiň wekili belledi.

Türkiýe Russiýa bilen Hytaýyň Aý bekedini gurmak boýunça taslamasyna gatnaşmakçy

Türkiýe Halkara Aý ylmy bekedini gurmak boýunça rus-hytaý bilelikdäki taslamasyna gatnaşmak üçin arza berdi. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň direktory Anatoliý Petrukowiç habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar. Häzirki wagtda köp ýurtlaryň bu kosmos barlaglaryna gatnaşmaga isleg bildirýändikleri habarda bellenýär.

Gadymy däplere esaslanýan dostluk ýoly

Deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Parahatçylyk we ösüş babatynda netijeli çemeleşmeleriň gözlegi, hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň hemmetaraplaýyn berkidilmegi Türkmenistanyň hemişelik üns merkezinde bolmak bilen, halkara ulgamyndaky gepleşikleriň hil mazmunyny kesgitleýär. Gahryman Arkadagymyzyň 4-5-nji aprelde Täjigistan Respublikasyna bolan resmi saparynyň hem gadym döwürlerden bäri dowam edip gelýän dost-doganlyk gatnaşyklaryny, iki halkyň bähbitlerine gabat gelýän hyzmatdaşlyklary täze derejä çykarmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýarys. Türkmenistan Watanymyz bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň alyp barýan ählumumy adamzat bähbitli syýasatlarynyň netijesinde, barha täze mazmunlar bilen baýlaşyp ösýär. Iki döwlet hem dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge höwes bildirýän deňhukukly hyzmatdaşlar hökmünde çykyş edýärler. Iki döwletiň hem sebit boýunça möhüm geosyýasy, geoykdysady, geostrategik mümkinçiliklere eýe bolmaklary olaryň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge önjeýli goşant goşýar. Gadym döwürlerden gözbaş alýan ruhy-medeni köklere daýanýan, häzirki döwürde deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlyk däpleri esasynda ý

Türkmenistan — Täjigistan: hyzmatdaşlygyň täze ülňüsi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi sapary iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ülňüsiniň kemala gelmegini şertlendirjek taryhy ähmiýete eýedir. Pamir daglaryny etekläp oturan Täjigistan Respublikasy gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň — altynyň, kümşüň, gymmat bahaly daşlaryň, alýumininiň, kömrüň baý gorlary bilen bellidir. Bu ýurtda häzirki wagtda gidroenergetika, dokmaçylyk, maşyngurluşyk, syýahatçylyk güýçli depginde ösdürilýär we bu pudaklar döwletiň esasy ykdysady güýji bolup durýar.

Brýusselde geçirilen brifingde Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekiliniň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Brifinge Ýewropanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ylmy-analitika merkezleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy. HHM-niň habar bermegine görä, brifingiň esasy mowzugy Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň startegiýalary,Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň innowasion mümkinçilikleri, şeýle hem, ulag-üstaşyr ösüşleri barada boldy.