"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Köpugurly hyzmatdaşlyk rowaçlanýar

20-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guraldy. Ykdysady forumyň maksady bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmakdan, senagat we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma pudagy, oba hojalygy hem-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy berkitmekden, giňeltmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň çäklerinde ozal gazanylan ylalaşyklar hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň netijeli işleri, iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Söwda-senagat edaralarynyň, işewür düzümleriniň derejesindäki gatnaşyklar bu gezekki ykdysady forumy geçirmäge itergi berdi.

Parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylda ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny dabaraly belledi. Pederlerimiz tarapyndan mukaddes saýylyp, keramata deňelen ata Watanymyz Türkmenistan şu döwürde henize çenli görlüp-eşidilmedik ägirt uly ösüşleri başdan geçirdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler ýurdumyzyň saýlan milli ösüş ýolunyň ylmy esasda esaslandyrylandygyny görkezýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. «Bize goşulyşmazlyk düzgünlerine eýerýän, döwlet Garaşsyzlygymyzy hormatlaýan, deňhukuklylyk we özara bähbitli garaýyşlary ileri tutýan hyzmatdaşlar zerurdyr» diýip, Arkadag Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň 2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde geçirilen birinji bilelikdäki mejlisinde eden çuň manyly çykyşynda aýratyn nygtap geçdi. Mälim bolşy ýaly, ata Watanymyzyň dünýäde ylalaşdyryjy merkez, parahatçylygy gorap saklamaga dünýä derejesinde ägirt uly goşant goşýan we ählumumy ösüşi üpjün edýän täze başlangyçlary öňe sürýän ýurt hökmünde uly halkara abraýy bar. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan kemal tapan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bolsa onuň barha täze mazmun bilen baýlaşýandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy: anyk başlangyçlar bilen röwşen geljege tarap

Ulag diplomatiýasynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bolmagy ýöne ýerden däldir. Durnukly ulag ulgamyny döretmek 2030-njy ýyla çenli ählumumy Gün tertibinde hem esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Munuň özi koronawirus keseliniň pandemiýasy şertlerinde aýratyn möhüm meselä öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň 14 — 16-njy oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde gibrid görnüşde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu maslahatda wideoaragatnaşyk arkaly eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy babatda ozal öňe süren halkara başlangyçlaryna gaýtadan ünsi çekdi. Olar, esasan, BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça Ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň ozalky teklibini ilerletmek, Milletler Bileleşigi bilen bilelikde ýurdumyzda geljek ýylyň aprel aýynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek, çökgünligiň täsirini azaltmaga, ykdysady ösüşiň durnukly görkezijilerine çalt ýetmäge gönükdirilen utgaşykly, jogapkärli we öňdengörüjilikli çözgütleri işläp taýýarlamak bilen baglydyr. Bu ugurdaky başlangyçlaryny ösdürip, milli Liderimiz 15-nji oktýabrda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeş

Türkmen-russiýa ykdysady forumy

20-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi. Iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan bu çäre bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, senagat we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma pudagy, oba hojalygy hem-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, giňeltmek maksady bilen guraldy. Foruma Russiýa tarapyndan birnäçe ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň, maliýe-bank düzümleriniň, sebitleriň söwda-senagat edaralarynyň, söwda, senagat, dokma önümçiligi, gurluşyk, elektron maglumat tehnologiýalary, maşyngurluşyk, logistika we beýleki ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Döwrebap ösüşler

Ýurdumyzyň ulag-logistika syýasaty hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan anyk işler bilen rowaçlanýar. Munuň üçin hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda zamanabap ulag-üstaşyr logistiki düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy döredilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzy sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmek babatda möhüm bolan üstaşyr ulag geçelgeleriniň ençemesi guruldy. Taryhda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ornuny eýelän türkmen topragy şu günki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, özüniň taryhy ornuny, häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gaýtadan dikeldýär. Garaşsyzlyk ýyllarymyzda, hususan-da Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça gurulýan iri demir, awtomobil ýollary, döredilýän howa we deňiz-derýa gatnawlary ýurdumyzda häzirki zaman multimodal ulag geçelgelerini döretmäge mümkinçilik berýär. Olar ýükleri we ýolagçylary gatnatmakda ulaglaryň görnüşlerini utgaşykly ulanmaga şert döredýär.

Türkmenistan — ÝUNESKO: hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Dünýä döwletleri, halkara guramalary bilen parahatçylyk söýüjilik, oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm bölekleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen alnyp barylýan köptaraply gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, dürli ugurlarda ýygjam gatnaşyklary ýola goýdy. Hususan-da, ýurdumyz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak baradaky Konwensiýasyna goşulyp, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine eýe bolan taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary geljekki nesillere ýetirmek boýunça uly möçberli işleri amala aşyrýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna taryhy-binagärlik ýadygärliklerimizden 1999-njy ýylda Gadymy Merw, 2005-nji ýylda Köneürgenç, 2007-nji ýylda Gadymy Nusaý galalary girizildi. Bulardan başga-da, halkymyzyň ruhy medeniýetiniň dürdäneleri bolan «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury we türkmen halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Netijeli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär

Öňňin sanly ulgam arkaly VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi. Bu çäre iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan hem-de bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, senagat we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma pudagy, oba hojalygy hem-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, giňeltmek maksady bilen guraldy.

Ösüşleriň aýdyň ýoly

Milli Liderimiziň dünýäniň parahatçylykly ösüşiniň haýryna gönükdirilen ulag diplomatiýasy ählumumy bähbitleri nazarlaýandygy  bilen dünýäde  giň goldawa eýe bolýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi umumadamzat ähmiýetli taryhy waka boldy. 

Halkara ulag hyzmatdaşlygy

Türkmenistan geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, ulag babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işlere aýratyn ähmiýet berýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertipde gatnaşmagy we çuňňur mazmunly çykyş etmegi ýurdumyzyň bütin dünýäde durnukly ösüşi, ynanyşmagy, oňyn halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, hususan-da, häzirki wagtda barha derwaýys ähmiýete eýe bolýan ulaglar ulgamynda gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmak we netijeli ugurlary döretmek babatda durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasyny aýdyň açyp görkezýär. Munuň özi häzirki zamanyň birleşdirilen üstaşyr ulag düzüminiň döredilmegini talap edýär. Bu bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, goňşy sebitleriň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berer. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna esaslanýan ulag we aragatnaşyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun.

Türkmenistan – Özbegistan Respublikasy: hyzmatdaşlygy giňeltmek ugry bilen

Köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk esasynda türkmen-özbek gatnaşyklary pugtalandyrylýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi saparynyň birinji gününde türkmen we özbek Liderleri Daşkentde Garaşsyzlyk meýdançasynda ýerleşýän Garaşsyzlyk we ynsanperwerlik binasyna gül dessesini goýdular. 2007 – 2021-nji ýyllar aralygyndaky döwürde ýokary derejedäki özara döwlet, resmi hem-de iş saparlarynyň 23-si amala aşyryldy, olar soňky döwürde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalarynyň we sebit düzümleriniň – BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň we beýlekileriň ugry boýunça üstünlikli alnyp barylýan netijeli gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine ýardam berdi. Ýakyn goňşy döwletleriň doly derejeli, işjeň hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy ählumumy bähbitler üçin oňyn halkara gatnaşyklaryny ugur edinýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň örän möhüm we ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.

«EKSPO-2020» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli güni

Türkmenistanyň «EKSPO-2020» sergisine gatnaşmagynyň esasy maksady özygtyýarly ösüşiň 30 ýylynda dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmakdan, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekden, öndürilýän harytlaryň eksportyny artdyrmakdan ybaratdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmen döwletiniň Bütindünýä sergä gatnaşmagyna tutuş dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hoşniýetli başlangyç hökmünde garaýandygyny bellemek gerek. Mähriban Arkadagymyz BAE iş saparyny amala aşyryp, Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününe gatnaşdy. 4,3 inedördül kilometr meýdanda ýörite gurlan ägirt uly «EKSPO-2020»-niň esasy konsepsiýasy serginiň «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygarynda öz beýanyny tapdy. Serginiň çägi «Mümkinçilik», «Ykjamlylyk» we «Durnukly ösüş» diýlip atlandyrylan bölümlere bölündi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň Baş kabul ediş merkeziniň girelgesiniň öňünde BAE-niň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri, «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň baş direktory Rimal Al Haşimi garşylady. Merkeziň eýwanynda iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soň, milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine – «Al Wasl» dabaralar merkezine çagyryldy.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Türkmen-russiýa ykdysady forumy

Aşgabat, 20-nji oktýabr (TDH). Şu gün sanly ulgam arkaly VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi. Iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan bu çäre bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, senagat we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma pudagy, oba hojalygy hem-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, giňeltmek maksady bilen guraldy.

Halkara habarlar

AWSTRIÝADA Golaýda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasy Türkmen-awstriýa jemgyýeti hem-de Wenanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Söwda öýi bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirdi. Awstriýanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, işewür toparlaryň agzalary, Wenanyň Diplomatiýa akademiýasynyň professor-mugallymlary, bu ýurtda okaýan türkmen talyplarydyr žurnalistler dabaranyň myhmanlary boldular.

Köpýyllyk hyzmatdaşlyk — belent ynam

Hormatly Prezidentimiz «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi 19-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Myhman milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy şeýle hem döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we milli Liderimize eziz Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Netijeli gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Hormatly Prezidentimiz «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi 19-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de özara söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň birnäçe wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi, ähli türkmen halkyny döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesi bilen gutlady hem-de belent halkara abraýa eýe bolan Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna tarap mundan beýläk-de okgunly öňe gitmegini arzuw etdi.

Netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

19-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Myhman milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň işewür toparlarynyň, hususan-da, ýolbaşçylyk edýän nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we milli Liderimize eziz Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Şu hepdäniň duşenbe güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de üçünji Ýewraziýa zenanlar forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.

Türkmen halysy — gözellik baýdagy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýramy mynasybetli ulanylmaga berlen il- -ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli döwrebap binalardyr desgalar ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatynyň has-da artýandygynyň subutnamasydyr. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, halyçylyk sungatynda hem uly ösüşler gazanylýar. Şeýle ajaýyp günlerde ýurt bähbitli belent sepgitlere nazar aýlamak has-da ýakymlydyr. Hut şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanan ýylynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde beýik binalaryň, ajaýyp desgalaryň açylyp, ulanylmaga berilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Pähimdar ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek, bina galdyrmak ýaly asylly ýörelgeleri bu günki bagtyýarlyk döwrümizde dünýä ýaýylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramalydaky önümhanasynyň täze binasynyň ulanylmaga berilmegi hem halkymyz üçin begençli wakalaryň biri boldy. Bu taryhy waka ussat halyçy gyz-gelinlerimiziň şatlygyna şatlyk goşdy. Bu önümhananyň müdiri, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Orazsoltan Baýramowa biziň bilen şatlygyny paýlaşdy.

Demokratik ýörelgelere daýanyp

Düýn Özbegistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynda dostlukly goňşy döwletde şu ýylyň 24-nji oktýabrynda geçiriljek Prezident saýlawlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa paýtagtymyzdaky ilçihanalaryň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow çykyş edip, saýlawlary demokratik ýörelgelere laýyklykda, açyklyk hem-de aýdyňlyk ýagdaýynda geçirmek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň berdi. Habar berlişi ýaly, saýlawlara syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenen 5 dalaşgär gatnaşýar. Olaryň dalaşgärlik maksatnamalarynda ýurdy, özbek jemgyýetini geljekde-de ösdürmegiň möhüm ugurlary beýan edilýär.