"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Wodorod energiýasyna geçmekde halkara başlangyçlaryndan ugur alynýar

Häzirki wagtda ozon gatlagyny goramak babatda pes uglerodly energiýa we wodorod ýangyjyna geçmek bilen bagly işlere uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, energetika ulgamynda halkara başlangyçlardan ugur alnyp, Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022—2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy» tassyklanyldy. Resminama wodorod energiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we pugtalandyrmak hem-de ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen, döwrebap tehnologiýalar esasynda işleýän we eksporta gönükdirilen milli wodorod energetika pudagyny döretmek bilen bagly giň strategik maksatlary we çäreler toplumyny öz içine alýar. Bu babatda biziň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetimizde Wodorod energiýasy boýunça merkez döredildi. Bu merkeziň esasy maksatlarynyň biri wodorod energiýasyny öndürmek we ulanmak boýunça ýurdumyzda hünärmenleri, synag taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly teklipleri taýýarlamakdan ybarat. Onda dürli çäreler, hususan-da:

Pudagara toparyň mejlisi

Aşgabat, 16-njy aprel (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine pudagara toparyň 2021-nji ýylda alyp baran işleriniň netijeleri we şu ýyl üçin meýilleşdirilen işler baradaky meseleler girizildi. Hasabat döwründe döwletliligi pugtalandyrmaga, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmaga we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreleriň geçirilendigi bellenildi. Hukuk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de adam hukuklary we azatlyklary babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň doly amala aşyrylmagy, hereket etmegiň degişli milli maksatnamalarynyňdyr meýilnamalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak pudagara toparyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň has giň gerime we netijeli häsiýete eýe bolýandygy nygtaldy.

Çar ýandan habarlar

TÜRGENLERDE UÝGUNLAŞMA    «7/24.tm», № 16 (99), 18.04.2022.

Pudagara toparyň mejlisi

Aşgabat, 16-njy aprel (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine pudagara toparyň 2021-nji ýylda alyp baran işleriniň netijeleri we şu ýyl üçin meýilleşdirilen işler baradaky meseleler girizildi. Hasabat döwründe döwletliligi pugtalandyrmaga, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmaga we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreleriň geçirilendigi bellenildi. Hukuk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de adam hukuklary we azatlyklary babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň doly amala aşyrylmagy, hereket etmegiň degişli milli maksatnamalarynyňdyr meýilnamalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak pudagara toparyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň has giň gerime we netijeli häsiýete eýe bolýandygy nygtaldy.

TÜRK­ME­NIS­TAN – HIN­DIS­TAN: HOŞ­NI­ÝET­LI GAT­NA­ŞYK­LA­RYŇ AJA­ÝYP NUS­GA­SY

Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä döw­let­le­ri bi­len pa­ra­hat­çy­ly­ga, dost-do­gan­ly­ga eýer­ýän yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry ýyl­sa­ýyn ös­dü­ril­ýär. Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy hem şol hyz­mat­daş döw­let­le­riň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýar. Türk­me­nis­tan bi­len Hin­dis­ta­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar 1992-nji ýy­lyň 20-nji ap­re­lin­de ýo­la go­ýul­dy. Hyz­mat­daş­lyk ýyl­la­ry için­de iki ýur­duň ara­syn­da bag­la­şy­lan şert­na­ma­la­ryň hu­kuk bin­ýa­dy dö­re­dil­di.

«Ford Mo­tor» bilen «La­ke Re­sources» hyzmatdaşlyga başlady

Ame­ri­ka­nyň aw­tou­lag ön­dür­ýän «Ford Mo­tor» kom­pa­ni­ýa­sy li­tiý ga­zyp al­ýan «La­ke Re­surs» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len her ýyl­da 25 müň ton­na eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa li­tiý bi­len üp­jün et­mek ba­ra­da şert­na­ma bag­laş­dy. Gol çe­ki­len şert­na­ma­nyň res­mi­na­ma iş­le­ri­ni şu ýyl­da ta­mam­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Kom­pa­ni­ýa bu ge­le­şi­gi uzakmöh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gy ýaý­baň­lan­dyr­mak üçin ýe­ne bir müm­kin­çi­lik di­ýip ha­sap ed­ýär. Ge­çen birža söw­da­lar­ynda «Ford Mo­tor» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry ABŞ-nyň 15,36 dol­la­ryndan sa­tyl­dy.

«Sail­point Techno­lo­gies» bi­len «Tho­ma Bravo» şert­na­ma bag­laş­dy

ABŞ-nyň ki­ber­howp­suz­lyk ul­ga­myn­da iş­le­ýän «Sa­il­point Techno­lo­gi­es Hol­dings» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy ABŞ-nyň «Tho­ma Bravo» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len paý­na­ma­la­ry­nyň 31 gö­te­ri­mi­ni sat­mak ba­ra­da şert­na­ma bag­laş­dy. Mag­lu­mat üçin, şert­na­ma­nyň res­mi­na­ma iş­le­ri­ni 2022-nji ýy­lyň iýun aýyn­da ta­mam­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Ge­çen bir­ža söw­da­lar­yn­da «Sa­il­point Techno­lo­gi­es Hol­dings» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry­nyň ba­ha­sy ABŞ-nyň 64,11 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy.

Türkmenistan — Palestina: hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeldip

2022-nji ýylda Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň 60-dan gowragy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagyna 30 ýyl dolýar. Şu mynasybetli, ýylyň başyndan bäri diplomatik gatnaşyklaryň şanly senesi bellenilýän döwletleriň birnäçesiniň ýurdumyzdaky doly ygtyýarly wekilleri bilen taýýarlanan söhbetdeşlikleridir olaryň makalalaryny okyjylara yzygiderli ýetirip gelýäris. Bu gün söz nobaty Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hossein Ali Mostafa GANNAMA ýetdi. Diplomat türkmen-palestin gatnaşyklarynda toplanan tejribe barada, ine, şeýle gürrüň berýär: — Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji aprelinde ýola goýuldy. Şunlukda, biziň döwletimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar edip, resmi ýagdaýda ikitaraplaýyn gatnaşyklara badalga beren ýurtlaryň biri boldy. Häzirki güne çenli türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny emele getirýän resminamalaryň 7-si bolup, olara Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasyň 2016-njy ýylyň 13 — 15-nji noýabrynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde gol çekildi. Ýokary derejeli şol saparyň barşynda Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasy açylyp, ol dostlukly döwletiň palestin halkyny hem-de Palestina bilen bagly ynsanperwer meseleler boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň ga

Türkmenistan — Ýaponiýa: strategik hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

13-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Taraplar ýurtlarymyzyň «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Döwlet Baştutanymyz himiýa we gazy gaýtadan işleýän pudaklarda tagallalary birleşdirmegiň oňyn netijelerini mysal hökmünde getirdi. Şeýle hem ýurdumyzda täze elektrik beketleriniň gurluşygynda Ýaponiýada işlenip taýýarlanylan ýokary tehnologiýalaryň we enjamlaryň giňden peýdalanylýandygy nygtaldy. Türkmenistanyň Günüň dogýan ýurdy bilen döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, hormatly Prezidentimiz geljekde-de ýapon kompaniýalarynyň Diýarymyzda netijeli işlemegine zerur goldawyň beriljekdigini aýtdy.

Türkmenistan – Hindistan Respublikasy: özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry

Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyzda döwlet sapary bilen bolan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda ýokary derejede gepleşikler geçirildi. Bu sapar döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza ilkinji saparydyr. Şeýle hem ýokary derejede geçirilen häzirki duşuşyk türkmen-hindi diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy hem-de Hindistanyň Garaşsyzlygynyň ýubileý 75 ýyllygy bellenilýän ýylynda geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Onda söwda-ykdysady ulgam möhüm orun eýeleýär. Bu babatda energetika, senagat we ulag, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda, oba hojalygynda, söwdada hem-de beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Döwlet Baştutanlary sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça hem pikir alyşdylar. Gepleşikleriň dowamynda Owganystandaky ýagdaýa aýratyn üns berildi. Bu babatda Türkmenistan özüniň garaýşyny goňşy döwlete kömek we goldaw bermegiň syýasy-ykdysady hem-de ynsanperwer ugurlarynda bir maksada esaslanyp emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Hindistanyň Owganystan babatdaky tagallalaryna, şol sanda 2021-nji ýylyň 10-11-nji noýabrynda üstünlikli geçirilen «Owganystan babatda sebitleýin howpsuz

Türkmenistan – Russiýa Federasiýasy: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, ýurdumyza iş sapary bilen gelen Hökümet Başlygynyň orunbasary A. Owerçuk bilen duşuşyk geçirildi. Wise-premýer, daşary işler ministri R. Meredowyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda 8-nji aprelde geçirilen telefon söhbetdeşliginde gozgalan meseleler bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Soňra duşuşyk giňişleýin düzümde dowam etdi, oňa döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda esasy ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem iki döwletiň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýyna we ösüş mümkinçiliklerine degişli meseleler, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň jemleri girizildi. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, elektrik energetikasy, ulag-kommunikasiýa ulgamlary, oba hojalyk pudagy we beýleki birnäçe ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Duşuşygyň dowamynda çykyş

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 13-nji aprel. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şanly seneler — dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmasy

2022-nji ýyl türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň taryhynda şanly senelere baýlygy bilen tapawutlanýar. Has takygy, şu ýyl Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna, şeýle-de dostlukly döwletiň Şa zenanynyň tagta geçmeginiň 70 ýyllyk ýubileýine gabat gelýär. Şanly seneleriň ähmiýeti barada Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýusia UAÝLD şeýle gürrüň berdi: — Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan şu hepdäniň dowamynda möhüm seneleriň üçüsi — Onuň Alyhezreti, Şa zenany Ýelizaweta II 96 ýaşynyň dolmagy we onuň tagta geçmeginiň 70 ýyllyk ýubileýi, Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler. «Şa zenanynyň doglan güni» atly çäräniň çäklerinde guraljak dabaralara Türkmenistanyň Hökümet agzalary, ýurtda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmen-britan işewürlik jemgyýetiniň agzalary, bu ýerde bolýan britan raýatlary, ilçihananyň işgärleri we beýleki myhmanlar gatnaşarlar.

Beýik işler döwrümiziň ýaraşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmeniň durmuşynda paýhasyň, ruhubelentligiň, zähmetsöýerligiň rowaçlanýan, döwletli tutumlar bilen galkynýan eýýam bolup täze taryhy bezeýär. Ýurdumyzda rowaçlanýan demokratik ýol-ýörelgeler, umumadamzat bähbidine gönükdirilen täze başlangyçlar, parahatçylygyň, howpsuzlygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň hatyrasyna amal edilýän maksatlar ähli halkymyzy guwandyrýar. 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly Prezident saýlawlarynyň guramaçylykly geçirilen ýyly hökmünde täze taryhyň altyn gatyna girdi. ösüşleriň täze tapgyryna gadam basyldy. Milletimiz ählihalk saýlawlarynda mizemez agzybirlik we jebislik görkezip, döwletimiziň ösüşiniň geljekki ýolunda möhüm ädim ätdi. Ýakynda Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrmagy we hormatly Prezidentimiz bilen özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler boýunça ýokary derejedäki gepleşikleriň üstünlikli geçirilmegi, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklaryň gazanylmagy, olaryň döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilmegi dostlukly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanmanyň artýandygynyň güwäsidir. Däp bolan dostlukly gatnaşyklary türkmen we hindi halklarynyň bähbidine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol ç

Türkmenistan — BMG: adam hukuklary ulgamynda hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 12-nji aprel. Şu gün “Türkmenistanyň Konstitusiýasy — adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili” ady bilen utgaşykly görnüşde okuw maslahaty geçirildi. Oňa döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýatlardaky Adam hukuklary boýunça maglumat merkezleriniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işgärleri we bilermenleri gatnaşdylar. Çäre “Türkmenistanyň adam hukuklary babatda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» ornaşdyrmakda ýardam bermek” atly taslamanyň çäklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan guraldy. Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanda adam hukuklarynyň konstitusion kepillikleri we olary amala aşyrmagyň gurallary, ýurdumyzyň bu babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň amala aşyrýan taslamalary bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi.

Gender deňligini üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 12-nji aprel. Şu gün sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň nobatdaky iş maslahaty geçirildi. Maslahat ýurdumyzyň 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Merkezi Aziýa döwletlerinden dialoga agzalar hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralaryndan wekiller gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine bu düzümiň işiniň ýyllyk meýilnamasy we Düzgünnamasy bilen bagly meseleler girizildi.

Türkmenistan — BMG: adam hukuklary ulgamynda hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 12-nji aprel (TDH). Şu gün “Türkmenistanyň Konstitusiýasy — adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili” ady bilen utgaşykly görnüşde okuw maslahaty geçirildi. Oňa döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýatlardaky Adam hukuklary boýunça maglumat merkezleriniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işgärleri we bilermenleri gatnaşdylar. Çäre “Türkmenistanyň adam hukuklary babatda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» ornaşdyrmakda ýardam bermek” atly taslamanyň çäklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan guraldy. Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanda adam hukuklarynyň konstitusion kepillikleri we olary amala aşyrmagyň gurallary, ýurdumyzyň bu babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň amala aşyrýan taslamalary bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi.

Gender deňligini üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 12-nji aprel (TDH). Şu gün sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň nobatdaky iş maslahaty geçirildi. Maslahat ýurdumyzyň 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Merkezi Aziýa döwletlerinden dialoga agzalar hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralaryndan wekiller gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine bu düzümiň işiniň ýyllyk meýilnamasy we Düzgünnamasy bilen bagly meseleler girizildi.

Türkmen-rus hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

9-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman öz ýurdunyň Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip hem-de Russiýada Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ähmiýet berilýändigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny ýetirdi. Dostlukly döwletiň Hökümet Baştutany döwlet Baştutanymyza hem-de onuň üsti bilen ähli türkmen halkyna türkmen-rus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen-rus gatnaşyklary berkidilýär

8-nji aprelde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gatnaşyklaryň depginli ösüşi kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmenistan bilen Russiýanyň ykdysady gatnaşyklary meselesine aýratyn üns berildi. Umumy pikire görä, iki goňşy döwletiň halklarynyň ýakynlaşmagynda, olaryň arasynda dostlugyň hem-de özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagynda medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilmegi möhüm şert bolup hyzmat edýär. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda Russiýa tarapynyň işjeň ornuna kanagatlanma bildirdi, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.