"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Habarlar halkara giňişlikde

Türkmen wekiliýeti işewürlik dialogyna gatnaşdy Ýakynda Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat hem-de Daşary işler ministrlikleriniň ýardam bermeginde ýurduň «ROTOBO» assosiasiýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» işewürlik dialogy geçirildi. Onuň işine Merkezi Aziýa döwletleriniň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, bilelikdäki ykdysady toparlaryň ýolbaşçylary, agzalan ministrlikleriň, ýapon kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeýär

«7/24. tm», № 09 (144), 27.02.2023 Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralary döredildi.

Wodorod energiýasyny almagyň ylmy-tehniki mümkinçilikleri öwrenilýär

Düýn Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Tebigy gazdan wodorod energiýasyny almagyň ylmy-tehniki mümkinçilikleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Gibrid görnüşde geçirilen maslahata daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, meşhur alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary, şeýle hem 20-den gowrak döwletiň ylym-bilim ulgamynyň 100-e golaý hünärmeni gatnaşdy. Üstünlikli geçen halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde uniwersitetiň giň foýesinde täzeçil taslamalara we häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryna, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy strategik ugurlarynyň biri bolan nebit we gaz pudagyna bagyşlanan hem-de Döwlet muzeýiniň eksponatlary ýerleşdirilen sergi guraldy. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň geljegi bilen bagly alnyp barylýan ylmy-barlag işleriň sergisi maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Ygtybarly hyzmatdaşlygy giňeltmek ýolunda

Ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly, senagat taýdan ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagynda, jemgyýetimiziň intellektual derejesiniň ýokarlanmagynda bilim berk binýat bolup hyzmat edýär. Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, ylymly-bilimli, kämil hünärli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup, ähli ugurlar boýunça ösüşlerimize goşant goşmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, hünär bilimi edaralarynyň täze binalary yzygiderli gurulýar, okuw-terbiýeçilik işleri kämilleşdirilýär. Ahal welaýatynyň Arkadag şäherini gurmagyň birinji tapgyrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň, hersi 320 orunlyk 10 sany çagalar bagynyň, hersi 720 orunlyk 4 sany umumybilim berýän orta mekdebiň bina edilmegi hem milli bilim ulgamyny ösdürmek babatda uly aladalaryň edilýändigini görkezýär. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýan tutumly işler her bir raýaty eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasat strategiýasynyň netijesinde dünýä döwletleri, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatda

Bahry-Hazar bilen «Iki deňiz» arasy

«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» Aziýa yklymynyň dürli sebitleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň arasynda Aýlag sebitiniň arap döwletleri bilen hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Ählumumy halkara gatnaşyklarda has möhüm ähmiýete eýe bolan bu sebit Eýran bilen Arabystan ýarym adasynyň aralygynda ýerleşýär. Ormuz bogazy arkaly Oman aýlagy, Arap deňzi we Hindi ummany bilen baglanyşýar. Aýlagyň kenarynda Yrak, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany, Katar, Bahreýn, Eýran we Oman döwletleri ýerleşýär. Aýlagyň geosyýasy, geostrategik, geoykdysady ähmiýeti uludyr. Türkmenistanyň Aýlag ýurtlary bilen gatnaşyklarynda Bahreýn Patyşalygyna hem möhüm orun degişlidir. Ady «Iki deňiz», has takygy, «Iki deňziň goşulýan ýeri» («Majmu’ul-Bahreýn») diýen manyny berýän, 51 sany tebigy, 33 sany emeli adada ýerleşen bu ýurdy 1783-nji ýyldan bäri Halifalar şanesli dolandyrýar. 1971-nji ýylyň 14-nji awgustynda garaşsyzlygyny gazanan Bahreýn nebitiň we gazyň hasabyna ösdi. Ýurduň ykdysadyýetiniň 80 göterimi gönüden-göni nebitgaz önümçiliginden gelýän girdejilerden alynýar. Muňa garamazdan, Bahreýn Aýlagda ilkinji bolup nebite garaşsyz ykdysadyýeti ösdürmäge, bank we maýa goýum ulgamyna artykmaçlyk berýän döwlete öwrüldi. Bahreýn 20-den gowrak döwl

Türkmen-bahreýn gatnaşyklary: ösüşiň täze tapgyry

21-22-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygynda boldy Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylyň dekabrynda ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, özara ynanyşmaga, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar giň gerimli häsiýete eýe boldy hem-de dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere ýol açyldy. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň Bahreýn Patyşalygyna ilkinji resmi sapary umumy abadançylygyň bähbidine giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm sahypany açýar.

Köpýyllyk hyzmatdaşlyk, oňyn netijelilik

21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi. Diplomat ikiçäk duşuşykda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk, giň möçberli özgertmeler ýolunda üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki döwrüň ählumumy meselelerinde esasy orny eýeleýän BMG-niň ýolbaşçysyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Halkara hyzmatdaşlyk: işjeňlik we ynanyşmak

Türkmenistan döwletimiz halkara gatnaşyklarda Gündogar ýurtlary, şol sanda iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär. Muny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky duşuşyklary aýdyňlygy bilen tassyklaýar. HIL TAÝDAN TÄZE DEREJÄ ÇYKARYLÝAR

Dostluk, hoşniýetlilik, jebislik (Ýaş žurnalistiň sözi)

Türkmenistanda durmuşa geçirilýän hem-de ýurdumyzy ösdürmäge, durmuş-ykdysady düzümleri döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalary arap ýurtlarynyň, şol sanda Bahreýniň işewür toparlarynyň depginli ösýän türkmen bazaryna gyzyklanmalaryny artdyrýar. Şu jähetden, 1995-nji ýylyň dekabrynda ýola goýlan türkmen-bahreýn diplomatik gatnaşyklary häzirki wagtda dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere eýe bolup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 21-22-nji fewralda Bahreýn Patyşalygyna amala aşyran ilkinji resmi sapary möhüm ähmiýetlidir. Ilkinji nobatda, Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň özara ynanyşmak, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygyny bellemelidiris. Bu ýagdaý umumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň geriminiň barha giňemegine ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň Bahreýn Patyşalygyna amala aşyran resmi sapary muny aýdyňlygy bilen tassyklap, döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm sahypany açýar. Çünki iki ýurduň hem ykdysadyýeti üçin strategik häsiýetli bolan ýangyç-energetika toplumy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda taraplaryň netijeli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmaga bolan meýillerini nazara alanyňda, beýleki pudaklarda, şol sand

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi we «Thales Alenia Space» kompaniýasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy

22-nji fewralda, Aşgabatda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen kosmos pudagynda ýöriteleşen howa giňişligi enjamlaryny öndürýän fransuz «Thales Alenia Space» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyo maslahatlaşdylar. Şeýle hem, dürli işewürlik teklipleri berildi hem-de pikirler alyşyldy.

Manama duşuşygy: dostana hyzmatdaşlygyň täze köprüleri

Pederler «Iki döwlet arasyndaky bir sözde müň sözüň gymmaty bardyr» diýipdirler. Iki ýurduň durmuşyna dahylly taryhy pursatlaryň-da bir ömürlik gymmata eýedigi şübhesiz. Ýeri, onsoň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygyna ilkinji resmi saparyna sapardaş bolmagyň miýesser edendigine neneň buýsanmarsyň?! Görmek — ömürden. Guwanmak — döwletlilikden! Gözde galyp, göwne ornan bu mertebeli pursatlar üçin Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. 2023-nji ýylyň 21-22-nji fewraly. Türkmen hasaby boýunça togsan dolup, ýere ýyly gidýän günler... Taryhy sapar tebigatyň şeýle hoştap-hoşamaý günlerine gabat geldi. Niçikmi, ak uçarda Aşgabatdan ugraýşyňa, asman gümmezinde iki ýarym sagat çemesi wagtda 1700 kilometrden gowrak ýol geçip, Bahreýne gadam basanyňda, ýaşyl tugumyzyňdyr dostlukly ýurduň ak-gyzyl öwüşginli baýdagynyň her öwrümde, her ädimde sazlaşykly parlap durşuny synlap, dostlugyň ýaz ýakymyny tutuş dünýäň bilen duýýarsyň.

Pikirler, garaýyşlar

Mohammad bin Thamer ALKAABI,Bahreýn Patyşalygynyň ulag we telekommunikasiýalar ministri:

Türkmenistan — BAE: gadyrly gatnaşyklary giňeltmekde täze ädim

Zeminiň çar künjegine dost-doganlygyň köprülerini çekýän Türkmenistan Arap ýarymadasynyň demirgazyk-gündogarynda, Pars aýlagynyň kenarynda ýerleşýän Birleşen Arap Emirliklerini ygtybarly hyzmatdaş we gadyrly dost hasaplaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 11-12-nji fewralynda bu dostlukly ýurda amala aşyran resmi sapary hem gadyrly gatnaşyklary iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ilerletmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Hakyda nesilleri birleşdirýär

Netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy nazarlap

1995-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, özara ynanyşmaga, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar giň gerimli häsiýete eýe boldy hem-de dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere ýol açdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 21-22-nji fewralda Bahreýn Patyşalygyna amala aşyran ilkinji resmi sapary bolsa türkmen-bahreýn gatnaşyklarynyň taryhyna şanly waka bolup ýazyldy. Dostlukly ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşlyk

Ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň ikisinde ÝUNESKO kafedralary açyldy

16-njy fewralda paýtagtymyzda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda sanly ulgam arkaly geçirilen çärä ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Stefaniýa Jannini, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, degişli ministrlikleriň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Söwda syýasatymyzda sazlaşyk

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy babatdaky başlangyçlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere beslenýär. Mälim bolşy ýaly, 1947-nji ýylda dünýäniň 23 döwleti tarapyndan gol çekilen, Nyrhlar we söwda baradaky baş ylalaşykdan öz taryhyny alyp gaýdýan Bütindünýä Söwda Guramasyna häzirki wagta çenli 164 döwlet agza, 24 ýurt bolsa bu guramada synçy derejesine eýedir.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda 32,64% artdy

Eýranyň senenamasynyň birinji on aýynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 389,65 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Eýranyň Türkmenistan bilen söwdasy (çig nebit eksportyndan başga) häzirki Eýranyň senenamasynyň birinji on aýynda (21-nji martdan 20-nji ýanwara çenli) geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 32,64 göterim ýokarlandy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, Eýranyň “Financial Tribune” neşiri sişenbe güni habar berdi.

Türkmenistan — Bahreýn Patyşalygy: netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Patyşa Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi Manama — Aşgabat, 22-nji fewral (TDH). Şu gün Manamada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz Bahreýn Patyşalygyna resmi sapar bilen geldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 22-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi. Diplomat duşuşmaga we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini hem-de ony ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň adyndan we hut öz adyndan hormatly Arkadagymyzy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi bilen gutlady. Merkeziň ýolbaşçysy BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine hemmetaraplaýyn goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza, şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we Garaşsyz Bitarap Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistan we BAE deňiz portlarynyň ulag-logistika baglanyşygyny ýola goýmagy işjeňleşdirýär

Mälim bolşy ýaly, 19-njy fewralda Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan Türkmenistanda saparda boldy. Ony Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady. Türkmen döwletiniň Baştutany bilen BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda gepleşikler geçirildi.