"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan – Eýran Yslam Respublikasy: nebit-himiýa pudagynda hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Bu sapar ilkinji gününden netijeli häsiýete eýe boldy. Geçirilen gepleşiklerde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, nebit-himiýa pudagynda degişli önümleriň dünýä bazarlaryna çykarylmagynda EYR-y bilen gatnaşyklaryň möhüm ädimleri kesgitlenildi. Munda Pars aýlagynyň mümkinçilikleri hem göz öňünde tutulyp bilner. Häzirki wagtda bu dostlukly döwlet Türkmenistanyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň çäginde Prezident Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň çäginde ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi dogrusynda pikir alşyldy. EYR-nyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly döwlete amala aşyran saparynyň ähmiýeti dogrusynda belläp geçdi. Bu saparda birnäçe ylalaşyklar baglanyşylyp, uly üstünliklere ýetildi.

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi we Bilelikdäki Jarnama kabul edildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň EYR-na amala aşyrýan saparynyň çäginde birnäçe ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda resminamalara gol çekildi. Gol çekilen resminamalar:

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy bilen ýokary derejede gepleşikleri geçirdi

Ozal habar berşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary dowam edýär. Saparyň çäginde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad-Bager Galibaf bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda taraplar birek-birek bilen mähirli salamlaşyp. Dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýeti dogrusynda gepleşikleri geçirdiler.

Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşdy

Şu gün, 30-njy maýda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary başlandy. Saparyň ilkinji gününde Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklygy kesgitlemek boýunça geňeşiniň Başlygy Sadeg Amoli Larijani bilen duşuşdy. Duşuşyk örän ýokary derejede geçdi.

Goňşa uzaýan ýol – döwletlilik

Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa açylýar Türkmençilikde «Goňşa uzaýan ýolda rysgal-bereket bar» diýilýär. Paýhasly pederlerimiziň goňşuçylyk bilen bagly döreden «Öý alma – goňşy al», «Uzakdaky garyndaşyňdan ýakyndaky goňşyň», «Kyýamat güni goňşudan», «Aýrylmaz goňşyňa unudylmaz söz aýtma» diýen nakyllarynda-da halkymyzyň hoşmeýilli, dostana gatnaşyklara ygrarlydygyny görmek bolýar. Türkmen-eýran dost-doganlyk goňşuçylyk gatnaşyklarynyň uzak taryhy-da bu pikirimizi tassyklaýar.

Türkmen – koreý hyzmatdaşlygy: geljekki ösüşlere aýgytly ädim

29-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Daewoo Engineering & Сonstruсtion Сo., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen geçiren duşuşygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Iri koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda bolýandygyna we ýurduň soňky ýyllarda ýeten derejesi bilen tanyşmaga şatdygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan işlerinde oňa üstünlikler arzuw etdi we bu gezekki saparyň özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi we dostlukly ýurduň Prezidenti Ýun Sok Ýola iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini aýtdy. Şunda hyzmatdaşlyk birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, özara düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürilýär.

ÝUNESKO: gymmatlyklarymyz adamzadyň genji-hazynasynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy meseleleri bilen birlikde milli medeniýetimiziň ýokary depginde ösmeginde hem döwlet bähbitli, milli ähmiýetli asylly işleri amala aşyrýar. Ýurdumyzda «Ýaňlan, Diýarym!», «Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşikleriniň jemleýji tapgyrlary geçirilip, olarda ýeňiji bolanlaryň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň Şa serpaýlary bilen sylaglanmagy-da, Arkadagly Serdarymyzyň zehinleri öňe çykarmak, milli medeniýetimizi ösdürmek, dünýä ýaýmak babatdaky aladasyndan aýdyň mysallardyr.

Goňşa uzaýan ýollar

Ol dostlukly ýollar bu gün eýran topragyna tarap ugur aldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna nobatdaky iş sapary asyrlardan gözbaş alyp, dowamat-dowam bolup gelýän türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmekde täze ädim bolup, goňşy ýurtlaryň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, olarda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ýetilen sepgitler, täze mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşylýar. Tähranda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykda doganlyk ýurtlaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny işjeňleşdirmek üçin mundan beýläk-de zerur tagallalaryň ediljekdigi bellenildi.

TÜRKMENISTAN—EÝRAN HYZMATDAŞLYGY: TÄZE SEPGITLER

Türkmenistanyň iň ýakyn goňşusy bolan we umumy taryhy kökleri müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan  dostlukly döwletleriniň biri hem Eýran Yslam Respublikasydyr. Goňşy ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 18-nji fewralynda ýola goýuldy.  Netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýyllary içinde iki dostlukly ýurtlar döwletara, hökümetara we pudagara derejelerinde baglaşylan halkara resminamalaryndan ybarat bolan berk şertnama-hukuk binýadyny döretdiler.  2022-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi sapary türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösüşine kuwwatly itergi berdi. Saparyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlaryna degişli hyzmatdaşlygyň ýetilen sepgitleri we täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi türkmen-eýran  gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Saparyň netijeleri boýunça 10-a golaý hökümetara resminamalaryna gol çekildi.

Latwiýada ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-latwiýa iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler

12 — 16-njy iýun aralygynda Latwiýa Respublikasynda geçiriljek Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-latwiýa iş toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada 26-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň hasabatynda aýdyldy. Nygtalyşy ýaly, duşuşygyň dowamynda Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag ulgamyny kemala getirmek, TRACECA halkara üstaşyr ulag geçelgesini ösdürmegiň mümkinçiliklerine degişli meseleleriň giň toplumyna garamak göz öňünde tutulýar.

“Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Aşgabat, 29-njy maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Daewoo Engineering & Сonstruсtion Сo., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen geçiren duşuşygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Iri koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda bolýandygyna we ýurduň soňky ýyllarda ýeten derejesi bilen tanyşmaga şatdygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan işlerinde oňa üstünlikler arzuw etdi we bu gezekki saparyň özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Nazarmämmet MUHAMMEDI (Aba işan), Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň Jergelan etrabynyň Gerkez obasyndaky dini medresäniň ýolbaşçysy. Magtymguly Pyragynyň ýedinji arkasy:

— Magtymguly diňe biziň aňrymyzyň meşhur kişisi däl. Ol — bütin türkmenistanlylaryň, külli türkmensähralylaryň arka direýän adamy. Onuň terjimehaly goşgularynda-da bar. Men onuň ýedinji arkasy. Kakam Ata işan Döwletmämmet mollanyň we Magtymguly işanyň özünden galan mirasy aýawly saklamaga çalyşdy. Elinden geldigiçe, olary saklap galmak üçin, zähmet baryny edipdi. Ol 2005-nji ýylda dünýesini täzeledi. Biziň neberämiz Garry mollanyň Kahyrguly diýen dördünji oglundan gaýdýar. Neslimizde goluna galam almadygy-da, alnyny namazlyga goýmadygy-da ýok. Maşgalamyza ata Watanymyz Türkmenistanda hem, Türkmensährada hem uly hormat edýärler. Biz — dört dogan. Özümden uly doganym Gara işan hem gowy şahyrdy. Ol 1992-nji ýylda aramyzdan gitdi. Gerkezliler oňa «ýöreýän taryh» hem diýerdiler. Magtymguly iliň öňüne düşen Çowdur han, Ýazyrhan pir, Buzpolat serdar ýaly şahsyýetlere aýratyn gadyr eder eken. Olara goýýan hormatyny goşgularynda hem ýazypdyr. Garry molla bilen ogly Magtymguly işanyň galdyran mirasy biziň baýlygymyz. Eýran türkmenleri, ahunlardyr alymlar gymmatly eserleri öwrenýärler, metjitlerdäki wagyz-ündewlerde mysallar getirýärler. Hezreti Magtymguly türkmen aryflaryndan iň beýikleriniň biridir. Atamyz hem türkmeniň welileriniň içinde ulugydyr. Molla Döwletmämmet Allatagala ýetişen, pygambere gowşan, ahyrýet işine mäkäm ýapyşan ynsandyr...

Döwrebap bank hyzmatlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar, elýeterliligi üpjün edilýär. Bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy ýurdumyzyň karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we müşderilere bökdençsiz bank hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik berýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan ýurduň pul aýlanyşygyny kämilleşdirmek we nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen täzeçil çözgütler durmuşa ornaşdyrylýar. Olaryň arasynda milli kartly töleg ulgamy boýunça elektron tölegleri geçirmekligi ýola goýmak aýratyn orny eýeleýär. Bu bolsa öz gezeginde ýurduň pul-karz ulgamyny kämilleşdirmäge, nagt däl hasaplaşygy ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizde pul serişdeleriniň dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, hasaplaşyk dolanyşygyny tizleşdirmäge, ýagny töleg iberijiniň bankyndan tölegi kabul edijiniň bankyna geçirm

Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesi sanlylaşdyrylar

TRASEKA-nyň 13 agza-ýurdy Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak meseleleri boýunça iş toparynyň mejlisiniň Düzgünnamasyny we işiniň meýilnamasyny makulladylar – diýip, TRASEKA hökümetara toparyna salgylanyp, Trend habar berýär. Taraplar şeýle hem ýurtlaryň arasynda elektron rugsadyny ulanmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýörite mejlisi guramak barada ylalaşdylar.

Türkmenistan Leýpsigde geçirilen Halkara ulag forumynyň sammitine gatnaşdy

Türkmenistan, 24-nji maýdan 26-njy maý aralygynda Germaniýanyň Leýpsig şäherinde geçirilýän Halkara ulag forumynyň (ITF) ýyllyk sammitine gatnaşdy. Global ulag syýasaty pudagynda möhüm waka Beýik Britaniýa «Ulag durnukly ykdysadyýete goşant goşýar» şygary bilen ýolbaşçylyk edýär. Bu garaýyşdan ulag pudagynyň ýolbaşçylary, işewür liderler, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, parlamentariler we syýasatçylar, 80 töweregi ýurtdan gelen hünärmenler howanyň üýtgemegi we üpjünçilik zynjyrynyň durnuklylygyndan işjeň herekete çenli köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.

Magtymgulynyň golýazmalar toplumy “Dünýäniň hakydasy” halkara sanawyna girizildi

Ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyndan (ÝUNESKO) hoş habar gelip gowuşdy. Şu ýylyň 10 — 24-nji maýy aralygynda bu düzümiň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem mejlisde ÝUNESKO agza döwletleriň 2024-2025-nji ýyllarda şanly seneleriň 46-synyň baýramçylyk dabaralaryna bu halkara düzümiň gatnaşmagy bilen baglanyşykly teklip goldanyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Ukrainanyň goldaw bermeginde ÝUNESKO-nyň Şanly seneler sanawyna türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygyny goşmak hakyndaky teklip hem bar. Bu çözgütler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän medeni diplomatiýanyň, şol sanda görnükli nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan gymmatly mirasyny saklamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

BSG-niň wekilleri sapar bilen Türkmenistana gelerler

29-31-nji maýy ara­ly­gyn­da Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­nyň (BSG) we­kil­le­ri sa­par bi­len Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­ty Aş­ga­bat şä­he­ri­ne ge­ler­ler. Bu ba­ra­da BMG-niň Že­ne­wa­da­ky eda­ra­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň He­mi­şe­lik we­ki­li Ata­gel­di Hal­ja­no­wyň an­na gü­ni BSG-niň go­şul­mak bo­ýun­ça bö­lü­mi­niň mü­di­ri Mai­ka Oşi­ka­wa bi­len ge­çi­ren du­şu­şy­gyn­da aý­dyl­dy.

Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sanly söwdany giňeldýär

Hy­taý Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry bi­len san­ly söw­da pu­da­gyn­da söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­me­gi mak­sat edin­ýär. Hy­ta­ýyň Söw­da mi­nistr­li­gi­niň res­mi we­ki­li Şu Jue­tin­giň sözlerine görä, Hy­taý öz kär­ha­na­la­ry­na Mer­ke­zi Azi­ýada am­mar­la­ry dö­ret­mek bo­ýun­ça amal­la­ry­ny gol­damaga, Hy­ta­ýyň elekt­ron söw­da plat­for­ma­la­ryn­da ha­sa­ba al­nan ýurt­la­ryň kom­pa­ni­ýa­la­ry­na ýar­dam bermäge, şeýle-de ösen san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ös­dür­mek­de tej­ri­be alyş­ma­ga taý­ýar. Mun­dan baş­ga-da, Söw­da mi­nistr­li­gi­niň res­mi we­ki­li Azi­ýa ýurt­la­ryn­dan goş­ma­ça önüm­le­riň möç­be­ri­niň Hy­ta­ýyň ba­za­ry­na gir­me­gi­ni gol­da­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Hy­taý ser­he­ta­ra inf­rastruk­tu­ra­nyň gur­lu­şy­gy­na, ne­bit-gaz pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, ser­he­ta­ra tur­ba­ge­çi­ri­ji­le­riň gur­lu­şy­gy­ny ös­dür­mä­ge, oba ho­ja­ly­gyn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­ga we Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ryn­dan ýo­ka­ry hil­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň im­por­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Şeý­le hem Hy­taý Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry bi­len köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär we Türk­me­nis­tan bi­len Öz­be­gis­ta­nyň Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na ti­za­ra ag­za bol­ma­gy­ny gol­da­ýar.

Birža söwdalary

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 38 sa­ny­sy ha­sa­ba alyn­dy. Tür­ki­ýe­den, Er­me­nis­tan­dan, BAE-den, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­dan, Azer­baý­jan­dan, Şweý­sa­ri­ýa­dan we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan ge­len te­le­ke­çi­ler da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na teh­ni­ki kü­kür­di we po­lip­ro­pi­le­ni sa­tyn al­dy­lar. Şeý­le-de dür­li gör­nüş­li do­kma önüm­le­ri sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy 12 mil­li­on 638 müň 800 ame­ri­kan dol­la­ry­ndan gow­rak bol­dy.