Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesi bilen ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri ýaýbaňlandyrylýar, sagdyn durmuş ýörelgesi alnyp barylýar. Ýaşlary sporta höweslendirmek maksady esasynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli şertler döredilýär. Sagdyn bedende sagdyn ruhuň emele gelmegi üçin sport bilen meşgullanmak zerur bolup durýar. Çünki, sport bilen meşgullanýan adam sagdyn hem berk bedenli, ruhubelent bolýar.
Ekologiki taýdan arassa, howpsuz ulag hasaplanýan welosipedli gezelenç etmek adamyň saglygy üçin diýseň peýdalydyr. Dürli keselleriň öňüni almakda, ýürek-damar, dem alyş, daýanç-hereket, nerw, immun ulgamlarynyň işini gowulandyrmakda, artyk agramy aýyrmakda peýdalydyr.