Önümçilik maşklary — bu işe bolan ukyby ýokarlandyrmak, saglygy berkitmek we ýadawlygyň öňüni almak maksady bilen iş ýerinde ýerine ýetirilýän, önümçiligiň gün tertibine girizilen maşklar toplumydyr.
Önümçiligiň dowamynda oňaýsyz täsirleri azaldýan we işe ukyplylygy ýokarlandyrýan maşklary zähmet toparlaryna görä saýlanylýar.
Birinji zähmet toparyna nerw ulgamynyň işjeňlik derejesine, görüş ulgamyna agram salýan, az hereketlerde uly ünsi talap edýän we birmeňzeş iş hereketli hünärler, ýagny üznüksiz önümçilik hatarynda zähmet çekýänler, operatorlar, tikinçiler, sortlaýjylar, ownuk bölekli önümleri gaplaýjylar, programmistler, inžener-tehnologlar, gözegçiler, transport-logistika hünärmenleri, ätiýaçlandyryş ulgamynyň işgärleri degişlidir.
Bu maşklar ýürek-damar, dem alyş ulgamlarynyň işjeňligini ýokarlandyryp, esasy myşsa toparlaryny hereketlendirýär.
Birinji zähmet toparyna degişli bolan önümçilik maşklar toplumy