Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet

16 Iýun 2021
1511

Sagdyn adam durmuşa, ýaşaýşa höwesli, ruhubelent bolýar. «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» ýörelgesi beden we ruhy sagdynlygyň sazlaşygynyň ündewi bolup ýaňlanýar. Bu şygary baýdak edinip, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde dürli sport we medeni çäreler yzygiderli geçirilýär, saglyk bilen bagly wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Şeýle bolansoň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hasaplanýan Türkmenistanda adam saglygy hakdaky alada her bir tutumly başlangyjyň özenini emele getirýär.

Il-günümiz «Saglyk bolsa, beglik bolar», «Saglygym — baş baýlygym», «Giň bolsaň, kem bolmaz, saglykdan özge dem bolmaz», «Az iýen tebip gözlemez», «Iýeniň — az, saglygyň — saz», «Ähli zadyň sakasy — saglyk» ýaly parasatly pähimlere uýup, nesillere saglygyň gadyryny bilip ýaşamagy, işlemegi, döretmegi ündäpdir.

Amangeldi HOMMAKOW,
Baýramaly etrap hassahanasynyň terapiýa bölüminiň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.