Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň saglygyny berkitmek boýunça amala aşyrýan beýik işleri, ilkinji nobatda, döwletimiziň ýöredýän durmuş syýasatyna, onuň kanunçylyk taýdan üpjün edilişine, lukmançylyk hyzmatlarynyň ugurlaryny kämilleşdirmäge her bir ynsanyň aň-düşünjesine, sagdyn durmuş ýörelgelerini we endiklerini, ruhy hem-de ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmäge esaslanýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, ugurdaş düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna we giňeldilmegine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mähriban Arkadagymyz paýtagtymyzyň çäginde bar bolan sport meýdançalary, stadionlary netijeli peýdalanmak, ýaşyna garamazdan, her bir adamyň, aýratyn-da, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin zerur mümkinçilikleri üpjün etmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Hut şu belent maksatlardan ugur alnyp, ýurdumyzyň künjekleriniň ählisinde köpsanly desgalar — iri sport we atçylyk sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri hem-de şypahanalar guruldy. Olar halkara ölçeglerine doly laýyk gelýär.