Bütindünýä sport baýramy

6 Iýun 2021
1329

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji maslahatynda dünýäniň 56 döwletiniň awtordaşlygynda 3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni hakynda Kararnama (Rezolýusiýa) kabul edildi. Her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky başlangyçlarynyň biragyzdan ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. Bu taryhy waka döwletimiziň halkara abraýynyň artýandygyna, onuň parahatçylyk söýüji, ynsanperwerlik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny subut edýär.

Şol ýylyň 1-nji iýunynda paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosport boýunça geçirilen köpçülikleýin türgenleşik sapagyna 3 müň 246 sany welosiped söýüjileriň gatnaşmagy sportuň bu görnüşi boýunça dünýäde guralan iň köpçülikleýin okuw türgenleşigi hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hasaba alyndy. Şeýle hem, 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden sebitde deňi-taýy bolmadyk Aşgabat Olimpiýa şäherçesiniň töwereginden 2019 sany welosipedçiniň gatnaşmagynda «Iň dowamly — bir nyzamly» welosipedli ýörişi geçirildi hem-de Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hasaba alyndy. Bu çäreleriň netijesi boýunça degişli şahadatnamalar türkmen tarapyna gowşuryldy.

Taýýarlan Ýalkapberdi AŞYRMYRADOW,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni, ministrligiň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.