Welaýat häkimliginiň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat Polisiýa müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler ekologiýa taýdan arassa ulag bolan welosipediň ynsan saglygyna ýetirýän täsiriniň uludygy barada gürrüň etdiler. Welosipediň döreýiş taryhy, ekologiýa taýdan peýdalydygy barada aýdyp, ony sürmegiň adamyň ömrüni uzaldýandygyny, işe ukyplylygyny artdyrýandygyny, şähdini açyp, ruhuny has-da belende göterýändigini nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň döwlet hem-de il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli möhüm işleriniň örän köpdügine garamazdan, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty bilen meşgullanmaga wagt tapyp, halkymyza nusgalyk görelde bolup durýandygyny bellediler. Türkmen sportunyň hak howandary milli Liderimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, il-halkyň bähbidini nazarlaýan beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.