Ýaglyga towusmak

30 Mart 2021
1711

Türkmen milli oýunlary ýaş nesillerimiziň şahsyýet bolup kemala gelmegine güýçli täsir edýär. Milli oýunlaryň üsti bilen olarda eserdeňlik, ünslülik, duýgurlyk, ýatkeşlik, çalasynlyk we ugurtapyjylyk ýaly häsiýetler kemala getirilýär. Türkmen milli oýunlarynyň taryhy örän gadymydyr. Şolaryň biri hem ýaglyga towusmakdyr. Ilkibaşda bu oýun ak öýler dikilip, çagarygy oturdylandan soň oýnalar eken. Öýüň tüýnüginden ýaglyk asyp, kim alyp bilse, baýrak berler eken.

Soňlugy bilen bu şowhunly oýun göreş, at çapmak, altyn gabak atmak oýunlary ýaly ähli toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrülýär. Adam boýundan has ýokarda asylgy ýaglygy böküp almak bilen bagly bu oýna, esasan hem, ýaş ýigitler we ýetginjekler gatnaşýarlar. Şeýle hem goýlan baýraga görä, ýaglyk beýigräkden ýa-da pesräkden asylýan eken. Oýunçylar gezekli-gezegine böküp, ýaglygy almaga synanyşýarlar. Her oýunçynyň bir gezek synanyşmaga hukugy bar. Gözbaşyny gadymdan alyp, şu günlere gelip ýeten sportuň bu milli görnüşi ýaş nesillerimiziň bökmek, ylgamak endiklerini ösdürýär.

Şemşat ÇARYÝEWA,
TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy.