Sagdyn ýaşaýyş we sport sazlaşygynyň täze depginleri

10 Fewral 2021
1576

Paýtagtymyzda sebit boýunça deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň ulanylmaga berilmegi, sport döwleti diýlip ykrar edilen Diýarymyza ýokary derejeli ýaryşlary kabul etmäge mümkinçilik döretdi. Olardan Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, birnäçe sport görnüşlerinde geçen synag ýaryşlary, sambo we söweş sambosy boýunça geçen Aziýa çempionaty, esasanda, 2017-nji ýylda iri sport baýramçylygyna öwrülen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ildeşlerimiziň ýadyndadyr. Bu ýaryşlar türkmen sportunyň abraýynyň halkara derejelere çykandygynyň aýdyň görkezijisine öwrüldi hem-de olaryň guramaçylyk derejesi köp sanly daşary ýurtly hünärmenlerdir sport ýolbaşçylarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Ine, gözel paýtagtymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýene-de birnäçe ýokary derejeli ýaryşlary kabul etmäge taýýarlyk görýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyna», şeýle-de, ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak babatda gol çeken Karary bu taýýarlygyň başlangyjyny goýmak bilen, ýurdumyzda sport we bedenterbiýäni ösdürmegiň esasy ýörelgelerini özünde jemledi.

Sagdyn ýaşaýyş we sport sazlaşygyny täze ýokary derejelere çykarmak maksadyny nazarlaýan bu Maksatnamadyr Meýilnamanyň hereket edýän döwründe ýurdumyzda Welotrek boýunça dünýä çempionaty, tennis boýunça Dewisiň Kubogynyň bir tapgyry, Sambo boýunça dünýä çempionaty ýaly iri halkara ýaryşlaryň geçirilmegi we türkmen türgenleriniň köp sanly halkara ýaryşlaryna hem-de okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Olarda guramaçylyk başarnygynyň belent derejesi-de täze Maksatnamanyň esasy wezipeleriniň hataryna girýär. Maksatnamada diňe bir ýokary derejeli sport däl, eýsem, raýatlaryň saglygyny berkitmek, ösüp gelýän ýaş nesli sporty söýmek, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kemala getirmek hem-de milli sporty dünýä derejesinde ýokary götermegiň ygtybarly hukuk, guramaçylyk we maddy-tehniki esaslaryny kämilleşdirmek meseleleriniň çözgüdi hem öz beýanyny tapypdyr. Ýeri gelende aýtsak, 21-nji ýüzýyllygyň ikinji onýyllygy türkmen sportunyň pajarlap ösüş ýyllary boldy. Bu ýyllaryň dowamynda Olimpiýa şäherçesi ulanylmaga berildi, orta we başlangyç orta hünär, ýörite orta hünär hem-de ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe sapaklary täzeden dikeldildi, halkymyzyň saglygyny goramak we başarnyklaryny ösdürmek maksadyna eýerýän täze, ýagny «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly milli spartakiada hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän milli uniwersiada ýaryşlary biziň durmuşymyza ornaşdyryldy.

Ýörite habarçymyz.