Maslahat geçirildi

9 Fewral 2021
897

Bäherden etrabynyň medeniýet öýünde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de etrap medeniýet bölümi tarapyndan bilelikde guralan dabaraly maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy.

Dabaraly maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň arşa galýan şan-şöhraty, milli Liderimiziň Ýer ýüzünde gyzgyn goldaw tapýan halkara başlangyçlary barada uly buýsanç we guwanç bilen gürrüň berdiler.

Muhammetgeldi ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Bäherden etrap komitetiniň başlygy.