Dünýä ýaryşlaryna taýýarlyk görülýär

28 Ýanwar 2021
1953

Türkmenistanda sport ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek hem-de kuwwatyny artdyrmak degişli köpugurly düzümlerini döretmek boýunça giň möçberli işler çalt depginlerde alnyp barylýar. Soňky ýyllarda bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ajaýyp sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, ýüzlerçe beýleki desgalar bina edildi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi türkmenistanlylarda buýsanç duýgusyny döredýär. Onuň gurulmagy sportuň ösdürilmeginde möhüm tapgyr boldy. Bularyň ählisi ýokary dünýä ülňülerine we Halkara Olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyk gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini aýtmaga esas berýär.

Mähriban Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde şu ýyl eziz Diýarymyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy. Bu ýerdäki iň iri desga Olimpiýa stadiony bolup, onuň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde dessine ünsüňi özüne çekýär. Bu ajaýyp keşpde Türkmenistanyň belent maksatlara, dünýäde parahatçylyga hem-de halklaryň arasyndaky dostluga, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň bähbidine döredijilikli gatnaşyklara, durmuşyň baş baýlygy hökmünde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge okgunlylyk jemlenendir.