Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Küşt federasiýasynyň, Aşgabat şäher sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň Küşt federasiýasynyň kubogyny almak ugrundaky onlaýn ýaryş geçirildi. Şeýle görnüşde ilkinji gezek geçirilýän bu ýaryşa dürli ýaşdaky ildeşlerimiz gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler. Biz bu ýaryş barada gürrüň bermegini sorap, paýtagtymyzdaky Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň müdiriniň orunbasary Näzik AMANOWA ýüz tutanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:
— Küşt — paýhas oýny. Küşt tagtasynyň başyna geçen oýunçynyň etjek hereketi, her bir göçümi onuň bu oýundaky ýeňşiniň ykbalyny çözýär. Pähim-paýhas eleginde elenip, pikir bir ýere jemlenilip edilen göçüm oýunça üstünlik getirýär. Küştçini küşt oýnunyň ussadyna öwürýär. Türkmen sportunyň şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda guwandyryjy işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda sportuň bu görnüşini hem ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ugurda türgenleşip, kämillige gol berýän ýaşlarymyzyň onlarçasy halkara ýaryşlarda öz ussatlyklaryny ykrar etdirmegi başardylar.