Ýeňişli eýýamyň täze üstünlikleri

22 Ýanwar 2021
1958

Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysynyň hormatly Prezidentimize iberen haty ýurdumyzyň sport syýasatynyň dünýädäki ykrarnamasy boldy. Ähli ildeşlerimizde buýsanç duýgusyny döreden bu waka «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagy Watany» ýylynyň ýeňişli taryhyny täze üstünlikler bilen baýlaşdyrdy.

Agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda itekläp götermekde 104 kilogram agram bilen we jemi 179 kilogram agram bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzelemegi milli hem-de halkara sport hereketiniň ösüşine mynasyp goşantdyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen taryh üçin gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkara sport çärelerini ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýän döwrebap sport toplumlarynyň we desgalarynyň, şol sanda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurlup, ulanylmaga berilmegi netijesinde döredilen şertleriň datly miwesidir.

Mergen KAKABAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň «Beýik Serdar» gümrük nokadynyň gözegçisi, leýtenant.