Bedenterbiýe we sport

7 Dekabr 2024
160

Bilşimiz ýaly, bu gün ýurdumyzda geçirilýän her bir sport ýaryşlarynda çykyş edýän türgenleriň aglabasy talyp ýaşlardyr. Bu bolsa eziz Diýarymyzda ýaşlaryň sport bilen köpçülikleýin meşgullanmaklary barada durmuşa geçirilýän işleriň aýdyň subutnamasydyr. «Türkmenistan –

sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly Uniwersiadanyň çäginde guralýan köpugurly ýaryşlar bolsa sportuň talyp ýaşlaryň durmuşynyň möhüm bölegine öwrülmegini şertlendirýär. Şol ýaryşlarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryndan ybarat bolan toparlar hem ajaýyp netijeleri görkezýärler. Ýokary okuw mekdebimizde bilim alýan talyp deň-duşlarymyzyň birnäçesiniň ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň agzalarydygyny hem bellemek gerek. Pursatdan peýdalanyp, watansöýüji, ruhubelent ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, bagtyýar ýaşlarymyzyň zehin-ukyplaryny giňden açyp görkezmekde döredip berýän ajaýyp şert-mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.