Kämilligiň çägi ýok

30 Noýabr 2024
208

Dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda hem sportuň köpçülikleýin meşgullanylýan görnüşleriniň biri futboldyr. Heniz mekdep ýaşyna hem ýetmedik çagalaryň howlularynda ýa-da öýleriniň töwereginde top kowalap ýören pursatlaryna häli-şindi gabat gelmek bolýar. Elbetde, topuň yzynda ylgap ýören her bir körpeden futbolçy çykanok. Sportuň ähli görnüşinde bolşy ýaly, futbolda hem, ilkinji nobatda, dogabitdi zehin, ukyp, başarnyk gerek. Balkan welaýatynda önüp-ösen Tirkişmyrat Sarymyradow hem kiçiliginden şeýle başarnyga eýedigini görkezmegi başardy.

Häzirki wagtda paýtagtymyzyň «Aşgabat» toparynda çykyş edýän ýarymgoragçy 2004-nji ýylda Gyzylarbat etrabynyň Hojagala obasynda dünýä inýär. Şu obadaky 13-nji orta mekdepde bilimler dünýäsindäki ilkinji ädimini äden geljekki futbolçynyň maşgalasy Balkanabat şäherine göçüp gelýär we ol 2-nji synpdan başlap 15-nji orta mekdepde okap ugraýar.

Aşyrberdi GURBANOW,
žurnalist.