Ösüşleriň bady bilen

23 Oktýabr 2024
350

Türkmen sportunyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüş ýoly şöhratly hem-de möhüm ähmiýetli taryhy wakalara baýdyr. Hormatly Prezidentimiziň soňky ýyllarda milli sporty kämilleşdirmekde, bu ugurda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde öňe sürýän başlangyçlary döwletimizde ruhubelent ýaşlaryň, ussat türgenleriň, çempionlaryň kemala gelmegine giň şert döredýär.

Şu hossarlyk aladalara jogap edip, welaýatymyzyň türgenleri ýylyň başyndan bäri döwlet we halkara derejelerindäki ýaryşlarda ýeňiş gazanyp, ýurdumyzyň sport abraýy bilen birlikde ýaşyl Tugumyzy hem birnäçe gezek belende galdyrdylar. Döwlet ýaryşlarynda baýrakly orunlaryň 700-e golaýyna mynasyp bolan ýaşlarymyz halkara ýaryşlarynyň hem 15-sinde öz ussatlyklaryny görkezip, dürli derejeli medallaryň 40-a golaýyny eýelediler. Olaryň arasynda dünýä çempionlygyny, Aziýanyň çempionlygyny gazanan türgenleriň hem bardygyny ýatlamak gerek.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.