Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly ildeşlerimizden eşiden gürrüňimi halkymyza ýetiresim geldi.
Mirasgär Mämmetgurban Geldigurbanow «Pederleriň söhbedi» atly kitabynda şeýle ýazypdyr: «2014-nji ýylyň başlarynda men öýdäki üç-dört sany ownuk malymy sürä goşmak üçin öňki gyzylbaýyrly Nurberdi Jepbarowyň ýanyna bardym. Ol şonda Magtymguly barada şeýle gürrüň berdi: «Biz oglandyk, 1950-nji ýyllaryň başlarydy. Agşamara Atak agalara üýşdük. Şonda onuň aýaly Täzegül eje: «Magtymguly şahyr Sumbaryň golaýyndaky uly obada ýaşapdyr. Iň soňky gezek Soňudagynyň geçelgesi Naýbadaýdan geçipdir. Abasary çeşmesinden üç owurt suw içibem, şol ýerde jan beripdir» diýdi.