Göwnümiň gözläni güýzüm

4 Sentýabr 2024
62

(Oýlanma)

Jöwzaly tomus bizden arany açyp, ýene-de güýz geldi.  «Güýzüň ajaýyp keşbini synlaýyn» diýip, seýilgähdäki oturgyçlaryň birinde ornaşdym. Altyn güýzüň sary reňkine bürenip ugran tebigatyň ajaýyp keşbi bar. Ony synlamak örän ýakymly. Baglaryň saralyp ugran ýapraklary toý pişmesini ýadyňa salýar. Bu gözel keşbi surata ýa-da goşgy setirlerine geçirip, wasp etmek üçin, elbetde, ussat suratkeş ýa-da zehinli şahyr bolmaly, olaram menden uzakdaky belentlikler. Bar başarjak zadym — güýz bilen ikiçäk söhbet etmek. 

Akbäbek SATLYKOWA,
«Balkan».