Adyň dünýä doldy, dana Pyragy» atly bäsleşige
Magtymguly Pyragynyň şygyrlary üstünden ýüzlerçe ýyl geçse-de, dillerimiziň senasy bolup ýaňlanýar. Durmuşda islendik jedelli mesele ýüze çyksa, Magtymguludan mysal getirilse, şol meseläniň öz çözgüdini tapdygy hasap edilýär. Şahyryň akyl-paýhasa ýugrulan şygyrlary adamkärçiligiň, watançylygyň, mertligiň, ahlagyň... ölçeg daşy bolup kalbyňa dolýar. Eline galam alyp, edebi döredijilige baş goşan adamlaryň ählisi akyldar şahyrymyzy özüniň baş halypasy hasaplaýar, onuň goşgularyny höwes bilen okaýar, ondan öwrenýär.