Bedenterbiýe we sport

30 Awgust 2024
80

19-njy awgustda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 13-nji sport mekdebiniň çeper gimnastika boýunça türgenleri gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Garagum» myhmanhanasynda geçirilen «Kids expo» sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Ýokary guramaçylyk derjesinde guralan dabarada «Çeper gimnastika» topary hem görkezme çykyşy esasynda ukyp-başarnygyny görkezdi. Çykyşlar örän täsirli bolup, myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiz barada şeýle ajaýyp şertleri we mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Prezidentimize çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.

Döwran ÇAGYLOW,