Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan — bi­ziň be­ýik döw­le­ti­miz

29 Awgust 2024
111

1991-nji ýy­lyň güý­zün­de dün­ýä­niň sy­ýa­sy kar­ta­syn­da Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan döw­le­ti peý­da bol­dy. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň iň tä­ze ta­ry­hy, bi­ziň ösüş­le­ri­miz we üs­tün­lik­le­ri­miz dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len Ga­raş­syz­ly­gy­myz­dan baş­lan­ýar. Ge­çen 33 ýy­la go­laý döw­rüň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da dün­ýä ýaň sa­lan ägirt uly iş­ler bi­ti­ri­lip, äh­li ugur­lar­da asyr­la­ra ba­ra­bar ýol ge­çil­di. Mu­nuň özi eziz Di­ýa­ry­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­le­riň tä­ze sep­git­le­ri­ne ta­rap yzy­gi­der­li öňe bar­ýan­dy­gy­ny, onuň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

1990-njy ýy­lyň 22-nji aw­gus­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň döw­let özyg­ty­ýar­ly­ly­gy ha­kyn­da Jar­na­ma ka­bul edil­di. Bu res­mi­na­ma ýur­duň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ösü­şi­niň mö­hüm esa­sy, baş­lan­gy­jy bol­dy, ýur­du­my­zyň äh­li çäk­le­rin­de hal­kyň öz döw­let­li­li­gi­ni, öz hök­mü­ro­wan­ly­gy­ny ga­zan­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­di. Özyg­ty­ýar­ly­ly­gyň döw­le­te içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sat­da do­ly ga­raş­syz­lyk ber­ýän­di­gi düş­nük­li­dir. Bu Jar­na­ma türk­men hal­ky­nyň döw­let hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýe­ke-täk eýe­si­di­gi­ni yg­lan eden res­mi­na­ma bol­dy. Ol ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de äh­li ýe­riň, ýe­ras­ty baý­lyk­la­ryň, ho­wa gi­ňiş­li­gi­niň, su­wuň we beý­le­ki gym­mat­lyk­la­ryň türk­men hal­ky­nyň mil­li em­lä­gi­di­gi­ni, res­pub­li­ka­nyň öz­baş­dak­ly­gy­ny, onuň ka­nun­la­ry­nyň hök­mü­ro­wan­ly­gy­ny, da­şa­ry ýurt­lar bi­len gat­na­şyk­lar­da ga­raş­syz­ly­gy­ny jar et­di.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ga­raş­syz­lyk — bag­ty­myz» at­ly ki­ta­byn­dan.