Bagtyýar çagalygyň mekany

28 Awgust 2024
79

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bagtyýar ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüp-ulalmaklary, ylymly-bilimli, maksada okgunly, ilhalar, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri barada uly aladalar edilýär. Olaryň döredilýän şert-mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaklaryny, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak babatda amala aşyrylýan işler hem oňyn netijelerini berýär.

Bagtyýar çagalar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tomusky dynç alyş möwsüminde ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan hem peýdaly geçirdiler. Dynç alyp, saglyklaryny berkiden çagalaryň arasynda guralan dürli medeni-sport çäreleriniň olarda iň ýakymly ýatlamalary galdyrandygyny ynam bilen aýdyp bileris. Elbetde, ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgeleri, sport bilen hemişelik meşgullanmaklaryny gazanmakda şeýle çäreleriň täsiri örän ýokarydyr. Şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri bolsa ýurdumyzyň dost-doganlygyň, bagtyýar çagalygyň mekanydygyny äleme aýan etdi.

Zybagül BAÝRAMALYÝEWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň mugallymy.