Ugur Halk Maslahatynyň mejlisine!

28 Awgust 2024
113

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň her bir mejlisi bagtyýar ildeşlerimiziň aňynda ykbal özgerdiji, arzuwlary wysalyna ýetiriji geňeşe öwrüldi. Şeýle bolansoň, ýurdumyzda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine-de gün sanap garaşylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň bosagasynda geçiriljek mejlise ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda, biziň welaýatymyzda hem ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýär. Ählihalk geňeşine taýýarlyk işleri bilen gyzyklanyp, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň kafedra müdiri, welaýat halk maslahatynyň başlygy Ahmet Bazarowa ýüz tutduk. Şonda ol bize şeýle gürrüň berdi:

— Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň prezidiumynyň Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilýän her bir mejlisinden soň welaýatymyzda degişli işler berlen tabşyryklara laýyklykda alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek babatynda Milli Liderimiziň hut özüniň bize görelde görkezmegi bolsa işlerimizi ep-esli ýeňilleşdirýär we has aýdyňlaşdyrýar.

Ýazga geçiren Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.