Bagtyýar çagalygyň mekany

28 Awgust 2024
96

Ýaş nesil baradaky alada hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Onuň çäginde çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek ugrunda beýik özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň sagdyn, ruhy taýdan kämil, intellektual taýdan ösen şahsyýetleri kemala getirmekde, ýaşlaryň döwrebap bilim we netijeli dynç alşyny sazlaşykly guramakda başyny başlan başlangyçlarynyň oňyn netijelerini her ädimde diýen ýaly görmek bolýar.

Ýurdumyzda kämil enjamlar bilen üpjün edilen okuw we terbiýeçilik edaralarynyň, saglygy goraýyş we sport toplumlarynyň, çagalar üçin dynç alyş merkezleriniň döwrebap binalarynyň gurlup, ýaş türkmenistanlylaryň hyzmatyna berilmegi ata Watanymyza buýsanjymyzy artdyrýar. Paýtagtymyzdaky, Arkadag şäherindäki we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlaryndadyr saglygy goraýyş merkezlerinde ýaş nesliň nurana ertirlerini berkarar etmek ugrunda aýratyn alada edilýär. Şeýle hem her ýylyň tomsunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky we ýurdumyzyň beýleki sapaly ýerlerindäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde bagtyýar çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna Hazaryň şypaly kenary gujagyny giňden açdy. Bu tomus olara russiýaly çagalaryň hem goşulmagy we deňiz kenarynda dürli medeni çäreleriň guralmagy halklaryň dostlugyny, döredijilik gatnaşyklaryny berkitmek bilen birlikde türkmen medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýmakda nobatdaky ädim boldy.

Amangeldi HEZZIÝEW,
welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.