Aziýanyň merjeni

27 Awgust 2024
105

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Diýarymyz tanalmaz derejede özgerip, ähli ugurlarda akylyňy haýran edýän ösüşlere eýe bolundy. Ak mermerli paýtagtymyz täze keşbi, nowjuwan görki bilen dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi.

«Aziýanyň merjeni» diýlip ykrar edilen paýtagtymyzyň bir-birinden belent we kaşaň ymaratlary, täsin binalary, köpugurly köprüleri, aýna ýaly tekiz şaýollary, ýaşyl begresli seýilgähleri, ajaýyp çüwdürimleri we beýleki desgalary baş şäherimize özboluşly gözellik berýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäginde yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän desgadyr binalar bolsa, Aşgabady dünýäde adamlaryň oňaýly ýaşaýşyny, durmuşyň ýokary derejesini, öndürijilikli zähmetini hem-de göwnejaý dynç alşyny üpjün edýän şäherleriň hataryna goşmaga täze mümkinçilikleri açýar.

Hurma TÄÇMÄMMEDOWA,
Tejen etrabynyň Altyn asyr şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.