«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gaýybana syýahat
Paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky dünýä edebiýatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleriniň arasynda gazak aýdym-saz sungatynyň meşhur wekili, görnükli halk şahyry Kurmangazy Sagyrbaýulynyň hem heýkeli bar. Nusgawy gazak şahyrynyň hem-de milli aýdym-saz sungatynyň meşhur wekiliniň heýkeliniň Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen medeni-seýilgäh toplumynda oturdylmagy iki doganlyk halkyň medeni, edebi gatnaşyklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyna, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň
mizemezdigine aýdyň şaýatlyk edýär.