Garaşsyzlyk — halkyň ykbaly

27 Awgust 2024
150

Şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmegine 33 ýyl bolýar. Ýurdumyz 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda özygtyýarlylygyny, 1991-nji ýylyň güýzünde bolsa Garaşsyzlygyny ykrar etdi. Şondan bäri ösüşiň uzak möhletleýin maksatlaryna ýetmekde möhüm şert bolan döwlet dolandyryşynyň netijeli ulgamyny döretmek esasy wezipe bolmagynda galýar.

Döwletimiz ata-babalarymyzyň ýoluna eýerip, halk häkimiýetiniň özboluşly nusgasyny saýlap aldy. Ol dünýä tejribesiniň gazananlaryny, milli däpleri we aýratynlyklary özünde jemledi. Köpasyrlyk taryhyň çeşmelerine, hukuk tejribelerine esaslanyp, Türkmenistan adamzat paýhasynyň, şeýle-de dünýä siwilizasiýasynyň ösüşinde döwleti dolandyrmagyň syýasy-hukuk binýadyny döretdi. Garaşsyzlyk — halkyň ykbaly. Ol halkyň geljegini kesgitledi.

Myrat HAITOW,
Türkmenistanyň at gazanan ýuristi, hukuk ylymlarynyň doktory.