Üstünlikleriň gözbaşy

25 Awgust 2024
212

Türkmen halkynyň täze taryhynyň senenamasyna ýazylan iň ähmiýetli seneleriniň biri-de Garaşsyzlyk günüdir. Mukaddes Garaşsyzlyk biziň her birimiziň köňül buýsanjymyzdyr, dillerimiziň senasydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwlet bolmak bilen, ýurdumyz sebitdir dünýä döwletleriniň arasynda parahatçylygy pugtalandyrmaga önjeýli goşandyny goşýar. Watanymyzyň içeri hem daşary syýasatda eýeleýän orny dünýäniň täze taryhynda asylly ýörelge bolup, asyrlara ýol salýar.

Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan ösüşler Türkmenistany parahat, asuda, abadan ýurda öwürdi. Ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, elektroenergetika, dokma senagaty, himiýa pudagy, syýahatçylyk ýaly ugurlarda giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Şäherlerimiziň we obalarymyzyň binagärlik keşbi düýpli özgerýär. Olarda ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, täze mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş merkezleri we medeniýet öýleri, stadionlar hem-de şypahanalar, beýleki durmuş-ykdysady desgalar gurulýar. Netijede, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Çünki ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegine, pudaklaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Aýjeren ÝAÝLYMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.