«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024
Okamak duýgularyň iň gowusydyr. Ussat ýazyjy-şahyrlar ömrüniň ýarysyny okap geçiripdirler. Meşhur fransuz ýazyjysy Şarl Lui Monteskýe: «Ýarym sagat okamak bar gam-gussalarymy süpürip alyp gidýär» diýipdir. Öz döwrüniň iň meşhur taglymatçysy, dilewarlygy bilen tanalan Jon Braýt irginsiz okamagyň netijesinde şeýle derejä ýetipdir. Belli nemes şahyry Gýote bolsa ömrüniň soňky ýyllarynda: «Okamagy öwrenmek sungatlaryň iň kynydyr... Ömrümiň segsen ýylyny okamaga bagyşladym, şonda-da özümden göwnüm hoş diýsem, ýalan sözledigim bolar» diýipdir.