«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde eziz Watanymyzyň çeper medeniýeti düýpli esasda öwrenilýär. Gadymy döwürlerden bäri türkmen medeniýeti çeper senetleriň ösüşindäki naýbaşy esaslary özünde jemläpdir. Türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny mynasyp şöhlelendirýän milli dizaýn sungatymyz munuň aýdyň mysalydyr. Ol gadymy döwürden bäri gelin-gyzlarymyzyň döredýän el işleri, nagyşlary we türkmen milli lybasynyň görnüşleri girýär. Bu babatda Türkmenistanyň Dizaýnerler birleşiginiň tejribeli agzalary uly işleri durmuşa geçirýärler. Şol sebäpli-de, türkmen halkyny tutuş Ýer ýüzüne şöhratlandyran bu sungatyň ähmiýeti döwlet hem halkara derejesinde juda wajypdyr.