«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024
Tomus pasly ähli ýaşdaky, ähli kärdäki ynsanlaryň söýgüli pasly hasaplanýar. Sebäbi özüniň hezillikleri bilen göwünleri hoşlaýan bu pasyl dynç alyşlardyr ýakymly ýatlamalary bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen körpelerimizden başlap, ähli ýaşdaky raýatlar üçin döwrebap dynç almaga, wagtlaryny hoş geçirmäge, saglyklaryny dikeltmäge giň şertler döredilen. Köpsanly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri, şypahanalar özleriniň gapylaryny tomus paslynda hem giňden açýar.