«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024
Garaňky gatlyşyp, hemme kişi öz otagyna çekilensoň, baryp senenamanyň ýene bir gününiň gutarandygynyň şanyna kiçijik bellik etdim. Indi okuwyň gujagyny giňden açyp, bizi ýagny, «okuwçy» diýip atlandyrylan kiçijik, has dogrusy, «özümizden kiçilere görelde bolmaly ullakan» ýetginjekleri garşylamagyna hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagyna diňeje 10 gün galypdy. 10 gün… Köp kişi üçin nähili uzak wagt. Aslynda, 240 sagady, 14 müň 400 minudy, 864 müň sekundy göz öňüne getirsek, hakykatdanam, az wagt hasaplamasaň-da boljak. Emma 10 günem gözüňi açyp ýumýançaň eýýäm geçip gidýär. Indi mekdepde okap başlamaly alty ýaşlyja çagalardan başlap, ene-atalara çenli hemme kişi okuw ýylynyň başlajakdygyna begenýärdi hem-de sabyrsyzlyk bilen 1-nji sentýabryň, has dogrusy, bu ýyl üçin 2-nji sentýabryň gelmegine garaşýardy.