«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024
Çägäniň we suwuň bol ýeri bolan deňiz kenarlarynda palçykdan kiçijik binalary, köplenç galajyklary ýasap oturan çagalaryň şadyýan keşbi sapaly tomus paslynyň eşretli günlerine aýratyn bezeg berýär. Körpeler üçin gyzykly bu gysga wagtlyk güýmenje häzirki döwürde örän giňden rowaçlanyp, hakyky sungat derejesine göterilen çäge heýkeltaraşlygynyň gözbaşy bolup durýär.