Uýam (oýlanma)

20 Awgust 2024
116

Biz iki dogan bolup ulalamyzsoň, çagalygymyň her bir pursaty seniň bilen geçdi, uýam! Şonuň üçin sen maňa syrdaş, ýürekdeş, hem jora bolduň. Seniň ýaşyň menden kiçi bolansoň, çagakak ejem hemişe saňa esewan etmegi maňa tabşyrardy. Kiçi wagtymyz oýun oýnanymyzda men her gezek senden ýeňlen bolardym. Şonda sen oňa begenip, heziller ederdiň. Men şol pursat seni ýylgyrdanyma hoşal bolardym. Wagtyň salymy ýok diýleni, gulpajygymyzy tasadyp, oýnap ýören günlerimiz indi alysda galdy. Soň-soňlar ejemiň tabşyrygy bolmasa-da, nirä gitsem-de sen ýanymdan aýrylmadyň. Çünki sen meniň gözüm bilen seredeniňde entegem kiçijek çagadyň. Käwagt saňa çagalara gelişýän eşik ýa-da başga bir sowgat bersem, «Men çaga däl-ä indi» diýip, geňirgenýän halatlaryňam bolýar. Men bolsa, ulalanyňy şol pursat duýýan ýaly, näme diýjegimi bilmän ýylgyrýardym.

Çaga wagtym deň-duş gyzlarymy uýalary bilen görenimde gyz uýamyň bolmagyny arzuw edýärdim. Şonuň üçin sen doglanyňda begenjime «Gyz jigim boldy» diýip, öňümden çykan her kime buşlap çykypdym. Sen ejem-kakamyň maňa beren uly sowgady. Meniň senden aýry göwnüm ýok. Seniň bilen ganymyz bir, hatda duýgularymyz hem bir. Biz bir ojakda, bir gujakda ösüp ulaldyk ahyryn. Sen ýüregimiň ullakan bölegi ýaly, saňa sähelçe zat bolsa-da biynjalyk bolup, kalbymy howsala gaplaýar. Sen ejemdir kakamdan soňky mähribanym.

Maýsa KYÝASOWA,
«Ahal durmuşy».