HALK MASLAHATY – SYÝASY JEBISLIGIŇ MILLI NUSGASY

19 Awgust 2024
91

Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilen döwlet gurmagyň baý tejribesi, şöhratly ýoly, nusgawy milli demokratik mekdebi bar. Oguz hanyň döwründen bäri akylly, paýhasly, tejribeli ýaşululara geňeş salyp, maslahat etmek däbi ýörgünli bolupdyr. Adalatlylygy bilen belli bolan Oguz türkmen döwletiniň, Seljuk türkmenleriniň döwletiniň, Osman türkmenleriniň döwletiniň ählumumy halk ýygnagy esasynda döredilendigi taryhdan mälimdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwleti dolandyrmak işinde asyrlaryň dowamynda synagdan geçen milli ýörelgelerimize uly ähmiýet berip, demokratik institutlar ösdürilýär, raýat jemgyýeti kemala getirilýär, hakyky halk häkimiýetliliginiň esaslary pugtalandyrylýar.

Nurjemal BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist.