Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli çäre gurady

19 Awgust 2024
88

14-nji awgustda Belarusuň Daşary ýurtlar bilen dostluk we medeni gatnaşyklar jemgyýetiniň — Dostluk öýüniň binasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy gurady.

Çärä Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Minskde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, alymlar we medeniýet işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri we ýerli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ezizmuhammet SÖÝÜNOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallym-öwrenijisi.