Döwletli tutumlar bilen rowaçlanýan Türkmenistan

12 Awgust 2024
103

Müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen milli ruhyýetimize, durmuş dessurymyza kybap gelýän «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn» diýen atalar sözünde türkmen halkynyň umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer garaýyşlary, durmuş filosofiýasy aýdyň şöhlelenýär. Bu ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze mazmuna, täze ruha eýe bolup, dowamat-dowam bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly jümlesi ata Watanymyzyň berkararlygy, halkymyzyň ýagty geljegi ugrunda durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň baş ýörelgesine öwrülip, ýurdumyzyň täze taryhyny dabaralandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her bir kabul edilýän taryhy çözgütleriň, durmuşa geçirilýän uzak möhletli maksatnamalaryň, belent maksatlardan we tutumlardan ugur alýan döwlet syýasatynyň düýp özeninde halkyň bähbidi bar.

Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.