Magtymguly we Abdyrahman Jamy

12 Awgust 2024
132

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhymyzy, edebiýatymyzy, däp-dessurlarymyzy düýpli öwrenmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şolaryň aýdyň mysallarynyň biri hem XVIII asyryň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döwlet we halkara derejesinde alnyp barylýan işlerdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar» diýip, akyldar şahyryň döredijiligine uly baha berýär.

XVIII asyryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde özünden öň ýaşap geçen görnükli şahsyýetler barada maglumatlar bar. Ol maglumatlar şahyryň alan çuňňur bilimi, sowady, ussatlaryna hem-de okan ýerlerine hormaty bilen baglydyr.

Hurma ÇOMMADOWA,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri.